Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Okuwçylar tennis boýunça bäsleşdiler

Golaýda ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda stol tennisi boýunça Türkmenistanyň birinjiligi tamamlandy.

Ýaryş Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde gurnamagynda geçirildi.

Gyzgalaňly ýaryşyň netijesi boýunça ýygyndy toparlaryň arasynda Aşgabat şäheri I orna, Lebap welaýaty II orna, Mary welaýaty bolsa III orna mynasyp bolmagy başardy.

Çary DÖWLETOW,

TDBSI-niň Sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.