Soňky habarlar

Mekdep okuwçylarynyň arasynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda mekdep okuwçylarynyň arasynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.

Maslahat Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda mejlisler zalynda guraldy. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösmegi, sagdyn ýaşaýyş-durmuş kadalarynyň berkitmek boýunça beren tabşyryklarynda ugur alyp geçirilen bu maslahatda okuwçylar ýokary okuw mekdebiniň sport muzeýine, sergisine, talyp türgenleriň türgenleşigine we görkezme çykyşlaryna syn etdiler.

Dabarada Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymlary I.Meretnyýazow, A.Gurbanmämmedow, Ý.Akmyradow, O.Geldimyradowa, L.Annamyradowa, J.Durdyýewa, M.Döwletow, J.Gurbanowa, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy zähmet weterany O.Annageldiýewa we Aşgabat şäherini 8-nji sport mekdebiniň bedenterbiýe mugallymy H.Altyýew dagylar çykyş etdiler.

Mekdep okuwçylarynyň arasynda guralan wagyz-nesihat çäresi «Sagdyn nesiller» aýdym-saz toparynyň çykyşy bilen tamamlandy.

Bägül JUMAÝEWA,

TDBSI-niň  sport žurnalistikasy hünäriniň 5-nji  ýyl talyby.