Bahar paslyna hereket bilen başlamak bagtyýar günleri buşlaýan döwrüň üstünlikli başlangyçlaryndan nyşan. Ir säher bilen Aşgabat şäherimizi etekläp oturan Saglyk ýoluny geçmek hem bedeniňi, hem ruhuňy taplaýar. Saglyk ýoly hormatly Prezidentimiziň sport ulgamynda alyp barýan döwlet syýasatynyň özboluşly nyşany bolup durýar.
Şu gün (01.03.2020) Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň we onuň garamagyndaky sport ulgamynda zähmet çekýän işgärler, mundan başga-da talyp ýaşlar Saglyk ýolunyň başlangyjynda hatara düzüldiler.
Tämiz howadan gursagyňy dolduryp, ýaşyl Tugumyzy bahar şemalyna pasyrdadyp geçmegiň diýseň ýakymlydygyny Saglyk ýoluny geçenler buýsanç bilen bellediler.
Türgenleriň görkezme çykyşlary, joşgunly aýdym-sazlaryň owazy bu günki dabaranyň şatlyk-şowhunyny al-asmana göterdi. Suratkeş talyplar bagtyýarlygy çar ýana ýaýan bu ajaýyp pursatlary öz suratlaryna inçelik bilen siňdirdiler.
Baş maksadyny ynsan saglygy ugrunda durmuşa geçirilýän işlere gönükdirýän Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyşlar aýdyldy.
Altyngözel ANNAMÄMMEDOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.