Soňky habarlar

 2 X-li deňleme öz çözgüdini tapdy

AFK-nyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň toparçalaýyn tapgyrynda «Altyn asyryň» 4-nji garşydaşam belli boldy. Mälim bolşy ýaly, toparçada Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň çempionlaryndan başga-da bir topar çykyş etmelidi we şol deňleme kybap mesele şu gün, ýagny 2020-nji ýylyň 26-njy fewralynda çözüldi.

Aslynda 2 X-li deňlemä çalym edýän bu ýoluň birinji näbellisini öň anyklapdyk. Ol Gyrgyzystanyň «Nefitçisi» bolup çykdy we olar ikinji tapgyryň birinji oýnunda öz meýdançasynda täjikleriň «Hujandyny» kabul edip 1:0 hasabynda ýeňiş gazanypdy.

Jogap duşuşygy bolsa şu gün – 26-njy fewralda Duşenbede geçirildi. Meýdança eýeleriniň ýiti hüjümleri bilen başlan oýunyň 34-nji minutynda Dilşat Bazarow «Hujandy» öňe çykardy.

Şondan soň oýunda hasap üýtgemedi. Bu hasap toparçalaýyn tapgyra çykmak üçin ýeterlik däldigi üçin goşmaça gysga bölümlerden peýdalanmaly boldy. Goşmaça berilen gysga bölümleriň ikinjisinde ýer eýeleri ýene iki gezek tapawutlanmagy başardylar. Şol gollaryň ikisini-de Dilşat Bazarow tora saldy.

Şeýlelikde, 3:0 hasabynda ýeňiş gazanan «Hujand» iki oýunyň netijesine görä (umumy hasap 3:1) ýaryşy toparçada dowam etmäge hukuk gazandy.

Merdan BAÝAT,

sport synçysy.