Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport insitutynyň bilelikdäki ylalaşylan meýilnamasy esasynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplarynyň önümçilik tejribesini geçýän döwründe Aşgabat şäheriniň 32-nji orta mekdebinde woleýbol, 64-nji orta mekdebinde basketbol, 70-nji orta mekdebinde gandbol, 81-nji orta mekdebinde badminton, 36-njy orta mekdebinde stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşleri boýunça okuwçylaryň arasynda okuw türgenleşik sapaklary geçirildi.
Şeýle hem 2020-nji ýylyň 19-njy fewralynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň bilelikde guramagynda Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň mejlisler jaýynda «Sagdyn ýaşlarymyz eziz Diýarymyzyň sütünidir» atly wagyz-nesihat duşuşugy geçirildi.
Aşgabat şäheriniň orta mekdepleriniň bedenterbiýe mugallymlary bilen bilelikde ýygnak geçirildi. Bu ýygnak Ruhnama adyndaky 28-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebinde geçirildi. Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň hem-de «Türkmenistan» ÝBSG-nyň Aşgabat şäher bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen ýygnakda sporty we bedenterbiýäni giňden ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işler barada çykyş edildi.
Şaperi OTUZOWA,
TDBSI-niň Sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.