Soňky habarlar

Türkmen futbolçysy «Totenhemiň» oýunçysyna üstünlik arzuw etdi

Londanyň «Tottenhem» toparynyň hüjümçisi Son Hyn Min (Günorta Koreýa) Angliýanyň Premýer-ligasynyň 26-njy tapgyrynda « Aston Willa» bilen bolan oýunda (3:2) şikes aldy. Şondan soňra onuň bu möwsümiň dowamynda meýdança çykyp bilmejekligi mälim boldy.

Bilişimiz ýaly, mart aýynyň 26-syna Türkmenistan milli ýygyndysy dünýä çempionatynyň we Aziýa kubogynyň saýlama ýaryşynyň çäklerinde Günorta Koreýa bilen duşuşar. Son Hyn Miniň şikes almagy Günorta Koreýanyň milli ýygyndysy üçin uly ýitgi bolar. Şonuň üçin biz milli ýygyndymyzyň kapitany Arslanmyrat Amanowdan bu ýagdaý bilen bagly pikirlerini paýlaşmagyny haýyş etdik. Ol şeýle gürrüň berdi:

— Son ýaly tejribeli oýunçynyň hatardan çykmagy «Totenhem» üçinem, Günorta Koreýanyň ýygyndysy üçinem ýakymsyz täzelik. Olaryň toparçadaky esasy garşydaşymyzdygyna garamazdan, Son Hyn Miniň sag-aman aýaga galyp meýdança dolanmagyny arzuw edýärin! Biz üçin Son milli ýygyndynyň düzüminde meýdança çyksa gowudy. Onuň oýnuň şowhunyny artdyrjakdygy şübhesizdir.

Soňra Arslanmyrat Amanow «Futbolda garşydaşyň ýitgilerine, däl-de öziňe has köpräk ynanmaly»–diýip sözüni jemledi.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň kapitany Arslanmyrat Amanow häzirki wagtda meşhur futbolçy Mirjalol Kasymowyň tälim berýän AGMK (Özbegistan) toparynda çykyş edýär.

Taýýarlan Merdan BAÝAT,

sport synçysy