Soňky habarlar

Halypa ýoly mekdepdir

Ilki bilen bir zadyň gürrüňi edilse, onuň düýp kökünden söz açylýar. Ol isle medeni ugur bolsun ýa-da taryhy, syýasy ugur bolsun parhy ýok, sport ulgamynda hem onuň ilkinjileriň hatarynda düýbüni tutujylar hasaplanylýan sport weteranlaryny ýaşlaryň arasynda ýatlamak ýakymly bolsa gerek. Türkmen sportunyň şanyna şan goşan milli türgenlerimiz bu günki gün ýaş türgenlere halypalyk edýärler. Olar ýaşlary şol ugra ugrukdyryp, özlerinde bar bolan ukyp başarnyklarynyň ählisini şägirdine geçirýär. Şeýlelikde, sport bilen meşgullanýan täze bir nesil kemala gelýär. Bu barada Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň guramagynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda  geçirilen «Halypa şägirtlik mekdebi nusgalyk ýörelge» atly bilen wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda hem gürrüň edildi.

Parahatçylygy baýdak edinýän eziz Diýarymyz bagtyýarlyk döwründe sportuň iň bir ösdürilýän ýurduna öwrüldi. Esasan hem, ýaşlaryň arasynda sport bilen meşgullanýanlaryň sany gün-günden artýar. Bu bolsa sagdyn nesilleriň täze bir tapgyrynyň kemala gelýänliginiň aýdyň güwänamasy bolup durýar. Ýaşlary sportuň gyzykly hem-de özüne çekiji dünýäsine aralaşdyrýan halypa türgenler kärine bolan yhlasyny gaýgyrman zähmet çekýärler. Sporta höwesek ýaşlara ýakyndan goldaw berip, olaryň barha kämilleşmegini gazanýarlar.

Hawa, haýsy käri alanyňda hem şol ugruň başynda ussat halypalar durýar. Kämilligiň aňry çäginiň bolmaýşy ýaly olar şu wagt hem ýaşlarynyň bir çene baranlygyna garamazdan türgenleşik zallaryndan aralaryny açanoklar, öz ussatlyklaryny ýokary derejelere ýetirmekligiň ugrunda. Eýsem, adam söýýän zadyndan üzňe ýaşap bilermi diýsene. Bu hakykat, türkmen sportuny ösdürmekde özleriniň önjeýli goşandyny goşan halypalary ussatlyk derejesine ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz sport ulgamyna bolan ünsüni barha güýçlendirýär. Ýaşlary sporta, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekde özleriniň netijeli goşandyny goşýan sport ussatlaryna berýän bahasy has-da uly. Olaryň her bir gazanan üstünliklerini ünsden düşürmän, ýylyň-ýylyna hormatly atlary berip, şa serpaýlary bilen sylaglaýar. Bu bolsa halypa şägirtlik ýolunyň dowam etdirilmegi ugrunda alnyp barylýan işleriň nobatdaky görkezijisine öwrülýär. Şonuň üçin hem «Halypa şägirtlik mekdebi nusgalyk ýörelge» atly bilen wagyz-nesihat duşuşygyna gatnaşanlar hormatly Prezidentimize alkyş aýtdylar.

Sadap MUHAMOWA,

žurnalist.