2020-nji ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň guramagynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýyly şygary astynda «Halypa şägirtlik mekdebi nusgalyk ýörelge» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Bu duşuşyk sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň türgenlerinde watansöýüjilik, mertlik, gaýduwsyzlyk, ýeňşe bolan hyjuw duýgularyny ornaşdyrmak babatynda ýurdumyzyň sport ulgamynyň weteranlarynyň we ýaş türgenleriniň arasynda halypa-şägurtlik ýörelgelerini pugtalandyrmak maksady bilen geçirildi.
Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministri Daýanç Gulgeldiýew duşuşygy açyp, hormatly Prezidentimiziň halypa-şägirtlik ýörelgesini sport ulgamyna ornaşdyrmak, ýaşuly nesliň sporty wagyz etmekde ýaşlara görelde bolmagyny gazanmak barada alnyp barylýan işler hakynda gürrüň berdi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň jogapkär işgärleri we sport desgalarynyň ýolbaşçylary, sport weteranlary çykyş etdiler. Ýurdumyzyň dürli welaýatlaryndan gelen sport weteranlary özleri hakyndaky tutumly işlere jogap edip, mundan beýlägem yhlas bilen işlejekdiklerine ynandyrdylar.
Wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Sagdyn nesiller» aýdym-saz toparynyň ýerine ýetiren aýdymlary sport çäresiniň dabarasyny artdyrdy. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bilen Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň baş binasynyň öňünde ýadygärlik surata düşüldi. Soňra sport ulgamynyň wekilleri tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlikde çykyş etdiler.
www.msy.gov.tm