Soňky habarlar

Sport weteranlary we ýandepderçeli ýaşlar

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda guralan sport weteranlary bilen duşuşyga, ýagny «Halypa şägirtlik mekdebi  nusgalyk ýörelge» ady bilen guralan wagyz-nesihat duşuşygyna gelen myhmanlary säher bilen güler ýüzli ýaşlar garşyladylar. Elleri duz-çörekli gyzlar, gözleri uçganaklap duran ýigitler, aýdym-saz toparynyň şirin owazlary birigip, myhmanlara gyş paslydygyna garamazdan, ýa gününiň ýakymy bilen gujak açdy. Bu pursatda olar bilen pikir alyşmak üçin elleri ýandepderçeli ýaşlary, has dogrusy Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sport žurnalistikasy hünäriniň talyplaryny synlamak diýseň ýakymlydy. Ýöne žurnalist hökmünde olary synlap durmaga takadyň ýetýärmi näme?

Şeýdip, ýaşulular bilen pikir alyşmaga başladyk. Ilkinji söhbetdeşimiz Serhetabat etrabyndaky sport mekdebiniň grek-göreşi boýunça tälimçisi Begnazar Hojamyradow boldy. Ol halypasy Mihail Çekmazýany, milli ýygyndynyň agzasy bolup durýan şägirdi Röwşen Kadyrowy ýatlady.

Türkmengala erabyndan gelen ýeňil atletika mugallymy Güljemal Amanowa 1989-njy ýylda woleýbolçy hünärini ele alandygyny, ýöne soňky ýyllarda ýeňil atletika boýunça tälim berýändigini aýtdy. Güljemal mugallym woleýbol boýunça halypasy Hudaýberdi Nuryýewi, ýeňil atletika boýunça halypasy Ýazberdi Nuryýewi ýatlady. Öz wagtynda disk zyňmak boýunça Bütinsöýuz ýaryşlarda çykyş edendigini, bu görnüş boýunça ençeme şägirtleriniň bardygyny gürrüň berdi.

Daşoguz welaýatyndan gelen sport weterany Bagtyýar Haýthümmetow ýarym asyrdan gowrak wagt bäri sport ulgamynda zähmet çekýän eken. Ol häzirki wagtda Nyýazow etrabynyň 1-nji sport mekdebinde basketbol boýunça tälimçi bolup işleýär. Bagtyýar aga ýaşlyk ýyllarynda özleriniň sportuň dürli görnüşleri boýunça Bütinsoýuz ýaryşlarda çykyş edendiklerini ýatlady.

«Biz diňe basketbol däl, eýsem futbol, tennis, gandbol boýunça hem öz güýjümizi synap görüpdik» diýýän sport weterany, häzirki wagtda sportuň dürli görnüşleri boýunça gazanylýan üstünliklere buýsanýandygyny tolgunyp gürrüň berdi. Çünki bu günki gün sportuň dürli görnüşleri boýunça netijeli çykyş edýän türgenleriň kändigini aýtmak bilen özleri hakynda hem yzygiderli alada edilýändigine hoşallygyny mälim etdi.

Biz bolsa sportuň durnukly ösdürilýän ýurdunda ýaşaýan we gazanylýan üstünliklere öz mynasyp goşup ýören sport weteranlaryna mundan beýlägem rowaçlyk we uzak ýaş arzuw edip, olar bilen hoşlaşdyk.

Hojaberdi APBAÝEW,

«Türkmenistan Sport» halkara žurnaly.