Soňky habarlar

Halypalaryň tejribesi — bahasyna ýetip bolmajak  baýlyk    

Türkmen sportunyň şöhratly taryhy bar. Geçmişde ýaşan, ýagyrnysy ýere degmedik türkmen pälwanlarynyň abraýy alys illere dolupdyr, türkmenleriň at üstünde görkezýän oýunlary akyllary haýran edipdir. Munuň şeýledigini asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan taryhy maglumatlar doly subut edýär. Halkyň özboluşlylygyny, özygtyýarlygyny saklamagy üçin taryhy zerurlyga eýe bolan bu sport başarnyklary ençeme asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçip, häzirki güne çenli ýetipdir. Onuň üstesine-de bu zerur sport ukyplary asyrlaryň dowamynda has kämilleşipdir hem-de beýleki sport başarnyklarynyň ösmegine mümkinçilik beripdir. Ahyrky netije-de bolsa, bu ýagdaý sportuň beýleki görnüşleri boýunça hem türkmen türgenleriniň ussatlygynyň halkara derejesinde ykrar edilmegine getiripdir. Türkmen türgenleriniň sportuň başa-baş göreş görnüşleri, agyr atletika, welosport, küreklemek, gimnasika we ýene-de ençeme sport görnüşleri boýunça gazanan üstünlikleri biziň aýdýanlarymyza doly şaýatlyk edýär.

Aslynda türkmende «şägirt hälypadan ozdurmasa hünär ýiter» diýen dana pähim bar. Ata-babalarymyzyň durmuş ýörelgesine öwrülen bu pähim sport babatynda hem müň kerem dogrudyr. Sport görnüşleri boýunça uly-uly ýaryşlarda «ençeme çarşenbäni başdan geçiren» halypa türgenleriň jemgyýetimizde eýeleýän orny Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has hem uly ähmiýete eýedir. Olaryň baý tejribesini öwrenmek hem-de öz iş usullarynda ygtybarly peýdalanmak häzirki tälimçilerimiz üçin iňňän netijeli serişde bolup durýar. Mähriban Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen bedenterbiýe we sportuň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda goýulmagy, hemmeler bilen bir hatarda halypa türgenlerimiziň hem başyny göge ýetirdi. Olar hemmetaraplaýyn ösen sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek barada hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürülýän ýörelgelere özleriniň mynasyp goşantlaryny goşmak üçin döredilen mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmagy maksat edinip, ýaş türgenler bilen geçirilýän duşuşyklara häli-şindi gatnaşýarlar hem-de özleriniň bahasyna ýetip bolmajak tejribelerini ýaşlar bilen paýlaşýarlar.

Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi tarapyndan geçirilýän halypa türgenleriň ýaşlar bilen duşuşyklary indi asylly däbe öwrülip barýar diýsek öte geçdigimiz bolmasa gerek. Şeýle duşuşyklaryň biri hem Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport instututynda geçiriler. Köpi gören ýaşuly türgenleriň her bir sözi ýaşlar üçin özboluşly mekdep. Halypa türgenleriň duşuşyklarda ýaşlarymyza berýän gürrüňleriniň, olarda Watançylyk duýgusyny ösdürmekde, olaryň öňde duran ýaryşlara psihologiki babatda ygtybarly taýýarlyk görmeginde belli bahasy ýokdur. Türkmen sportunyň ody bilen girip küli bilen çykan, öz ömürlerini türkmen sportunyň gülläp ösmegine bagyşlan ýaşuly türgenleriň ýaşlarymyza berýän öwüt-nesihatlary, sargytlary, türkmen türgenleriniň iri halkara ýaryşlarynda uly üstünliklere eýe bolup, halkymyzy, mähriban Arkadagymyzy begendirmekleri üçin özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Şeýle ajaýyp üstünlikler bolsa türkmen sportuna hemişelik hemra bolar. Çünki hormatly Prezidentimiz tarapyndan türkmen sportuny ösdürmek üçin durmuşa geçirilýän beýik işler munuň aýdyň güwanamasy bolup durýar. 

Gurbangeldi MÄMMETSÄHEDOW,

«Türkmenistan sport» halkara žurnaly.