Soňky habarlar

Ýaş nesli milli oýunlar bilen meşgullanmaga çekmelidiris

2020-nji ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen duşuşygy boldy. Onda Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy bellenilýän şu ýylda milli parlamentiň işiniň esasy ugurlary anyklaşdyryldy.

Milli Liderimiz ýygnananlaryň öňünde maksatnamalaýyn çykyş edip, biziň haýsydyr bir jogapkärli işe başlanymyzda halkymyz bilen geňeşip, onuň pikirine esaslanmak ýaly ajaýyp milli däbimiziň bardygyny belledi. Şu parasatly däbe eýerilip, «Türkmenistan–Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda Garaşsyz, Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz çagalarymyzy hem-de ýetginjeklerimizi aň-bilimini we ukyplaryny terbiýeleýän sportuň dürli görnüşleri, şol sanda hereketli milli oýunlar bilen meşgullanmaga çekmegiň netijeliligini has ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belledi. Ähli tagallalarymyzy ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdynlygynyň sazlaşykly utgaşmagyny üpjün etmäge gönükdirmelidiris. Ýaşlar biziň geljegimizdir. Olar häzirki zaman tehnologiýalaryny we innowasiýalaryny özleşdirip, Garaşsyz döwletimiziň ösüş depgininiň has üstünlikli bolmagyny üpjün etmelidir diýip, milli Liderimiz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz deputatlara ýüzlenip, olaryň sagdyn ýaşaýşy döretmek we goldamak, kadaly iýmitlenmek, sport bilen meşgullanmak, milli medeniýetimize, dilimize we edebiýatymyza, taryhymyza söýgi ruhunda terbiýelemek bilen bagly düşündiriş hem-de aň-bilim işleriniň derejesini ýokarlandyrmalydygyny nygtady. Şular bolmazdan, ýaş nesillerimiz sagdyn ösüp we öňüni alyş çäreleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak işine has işjeň gatnaşyp bilmez.

Bu diňe ministrlikleriň ýa-da pudagyň we toplumyň wezipesi däldir. Tutuş döwürleýin ähmiýetli wezipedir. Şoňa görä-de, aýdylyşy ýaly, bu iş bilen hemmämiz bilelikde meşgullanmalydyrys. Şu mesele boýunça beýleki döwletleriň tejribesi öwrenilse we zerur bolanda kanunlarymyza milli ýörelgelerimize laýyk gelýän kadalar girizilse, maksadalaýyk bolar diýip, milli Liderimiz nygtady.