Soňky habarlar

Ak şäheriň ak gary

Ak şäherimiz Aşgabat 2020-nji ýylyň 11-nji fewralynda ak gara bürendi. Gözel şäherimizi degresini gallap oturan daragtlary diýjekmi, sport desgalary aýtjakmy, garaz, hemme ýer ak gara beslendi. «Ak zat alnyňa ýagşy» diýen atalar sözüni ýatlap, «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda hem halkymyza ak günleriň we üstünlikleriň hemra boljakdygyna berk ynanýarys.

Sebäbi ak gar ýaly arzuwlara beslenen günleriň gujagynda şaýat bolýan wakalarymyz bu gün düýnkiden, ertir bu günkiden, birigün ertirkiden has belent sepgitlere ýetjekdigimizi wada berýär.

Elbetde, bu aýdylýan sözler durmuş hakykaty bolup, Türkmenistan diýlende sportuň durnukly ösýän ýurdy göz öňüne gelýär.

Aşgabatdan söhbet açylsa, dünýäniň naýbaşy sport ýaryşlarynyň geçirilýän merjen şäheri hakynda gürrüň edilýändigini bilýäris.

«Türkmenistan we sport» diýen jümle bolsa bu gün bütin dünýä ýaň salyp, iri sport ýaryşlarynyň gadymy türkmen topragynda geçirilip, ata Watanymyzyň şöhratyna şan goşýandygyny habar berýär.

Türkmen paýtagtyny ak garyň ak dona bürän güni hakyda dolýan bu setirler owazasy ýedi yklyma ýaň salan eziz Diýarymyzyň ak günleri nazarlap, elýetmez belentliklere sary ynamly gadam goýýandygyny buşlaýar.

www.msy.gov.tm