Soňky habarlar

Şaşkanyň muşdaklary köpelýär

Ýakynda Lebap welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň guramagynda 64 öýjükli şaşka boýunça welaýatyň birinjiligi ugrynda ýaryş geçirildi, diýip «Türkmen gündogary» gazetinde habar berilýär.

Ýaryş Türkmenabat şäheriniň 13-nji mekdebinde 8 we 12 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda geçirildi. Üç günläp dowam eden bu ýaryşa Türkmenabat şäherinden, Hojambaz, Köýtendag, Darganata, Dänew etraplaryndan gelen türgenler gatnaşdylar.

Ýaryşyň jemi boýunça oglanlaryň arasynda Daýanç Rejepow (8 ýaş), Azim Myradow (12 ýaş), gyzlaryň arasynda bolsa Samira Kadyrowa (8 ýaş), Aýnura Durdyýewa (12 ýaş) dagylar I orna mynasyp bolmagy başardylar.

Baýrakly orny eýelemegi başaran türgenleriň dördüsi hem türkmenabatly türgenlerdir.

Ýaryşda ýeňiji bolan türgenlere guramaçylar tarapyndan Hormat hatlar gowşuryldy.