2020-nji ýylyň 9-njy fewralynda Saglyk ýoluna guralan ýörişe gatnaşan ýaşlar bilen ýörişiň dowamynda söhbetdeş bolduk. Ýörişe gatnaşyjylaryň birnäçesiniň ýürek buýsanjyny size hödürleýäris.
Agamyrat ORAZSÄHEDOW, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy:
– Şu gün ir säher bilen Saglyk ýoluny geçmäge geldik. Ýörişiň başynda aýdym-saz ussatlarynyň çykyşy has-da täsirli boldy. Soňra biz ilkinjileriň hatarynda ýörişe başladyk. Saglyk ýoluny ýaşyl bag-bossanlygyň gurşap almagy has-da ýakymly täsir galdyrýar. Saglyk ýolunyň iň belent nokadyna çykanymyzda bolsa paýtagtymyz Aşgabat eliň aýasynda ýaly bolup görünýär. Ýöriş şähdimiz açdy. Onuň bütin dowamynda öz deň-duşlarymyz bilen bäsleşip geçdik. Bize okamaga, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga giň şert-mümkinçilikleri döredip beren mähriban Arkadagymyza tüýs ýüregimizden sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik bolsun!
Rahymberdi HALLYÝEW, «Olimp» orta sport mekdebiniň okuwçysy:
– Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň göreldesi bilen biz sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýarys. Biz şu gün Saglyk ýoluny geçdik. Men grek-rim göreşi bilen meşgullanýaryn. Saglyk ýoluny geçmek bolsa sportuň ähli görnüşi bilenem meşgullanýanlara peýdaly. Saglyk ýoluny ir bilen geçmegiň özi-de şol güni ruhubelentlikde garşy almaga ýardam edýär. Biz bu ýere yzygiderli gelýäris. Biz ýaş türgenlere milli Liderimizden görelde alýarys. Gahryman Arkadagymyza okamaga, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin köp-köp sagbolsun aýdaýarys!
www.msy.gov.tm