Soňky habarlar

Erkin göreş boýunça Türkmenistanyň çempionaty tamamlandy

 Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 2-nji sport mekdebinde ýetginjekleriň arasynda erkin göreş boýunça Türkmenistanyň çempionaty tamamlandy.

 4-6-njy fewral aralygynda dowam eden bu çempionata 9 topar gatnaşdy. Çempionatda türgenler 10 agram derejesinde bäsleşdiler.

Ýaryşa «Olimp» orta sport mekdebiniň türgenleri hem işjeň gatnaşyp (jemi 19 türgen), olar baýrakly orunlaryň ençemesine mynasyp boldular.

«Olimp» orta sport mekdebiniň türgenleri ýaryşyň netijesi boýunça 9 medal  gazandylar. Olardan Meretgeldi Öwezberdiýew (60 kg.) I orna, Azymberdi Rahmanow (48 kg.), Gurban Arslanow (51 kg.)  we Batyr Annadurdyýew (92 kg.) dagylar öz aram derejesinde II orna mynasyp boldular.

Şeýle-de Umytgeldi Abylow (48 kg.), Yhlas Saparnyýazow (55 kg.), Döwran Mommadow (65 kg.), Kerwen Pygamow (65 kg.) we Çary Çaryýew (71 kg.) dagylar bolsa  III orny eýelemegi başardylar.

  Erkin göreş boýunça ezber türgenleri ýetişdirmek maksady bilen geçirilen bu çempionata ýurdumyzyň dürli künjeklerinden türgenler gatnaşdy.

Döwranberdi AMANBERDIÝEW,

«Olimp» orta sport mekdebiniň instruktor-metodisti.