Adamlaryň pikirlenişi, ünsliligi, ýatkeşligi, eşidişi birmeňzeş bolmaýar. Biriniň eşidişi gowy bolsa, ýatkeşligi pes bolýar. Şonuň üçin ata-babalarymyz ähli tarapdan kämil bolmak maksady bilen paýhas oýunlaryna aýratyn sarpa goýupdyrlar. Olar hatda uzak ýola çykanlarynda hem ýol ýoldaşy bilen ýatdan küşt oýnap, hemişe pikirlenişini ösdürip gezipdirler.
Ata-babalarymyzyň dünýäni unudyp oýnaýan oýunlary häzirki wagtda hem ýurdumyzyň kuwwatly geljegi bolan ýaş nesilleri terbiýelemekde ähmiýeti ulydyr. Muňa mysal edip bolsa ýurdumyzda yzygiderli küşt boýunça geçirilýän ýaryşlary aýdyp bileris. Ine, golaýda hem küşt boýunça Türkmenistanyň birinjiligi ugryndaky ýaryş geçirildi.
Birinjilik Aşgabat şäheriniň Ýöriteleşdirlen küşt we şaşka mekdebinde 8-12-16 ýaşly oglan-gyzlaryň arasynda guraldy.
Gyzlaryň arasynda guralan ýaryşyň netijesi boýunça N.Söýünowa (8 ýaş), G.Saparowa (12 ýaş), M.Batyrow (16 ýaş) dagylar I orna mynasyp boldular
Oglanlaryň arasynda geçirilen ýaryşyň jemi boýunça R.Ýusupow (8 ýaş), A.Sünnetullaýew (12 ýaş), E. Kulyýew (16 ýaş) dagylar deň-duşlarynda tapawutlanyň I orna eýe bolmagy başardylar.
Şeýle hem Türkmenistanyň birinjiliginde toparlaýyn I orna Aşgabat şäheri (3 altyn, 3 kümüş, 3 bürünç), II orna Lebap welaýaty(1 altyn, 3 kümüş, 3 bürünç), III orna bolsa Ahal we Mary welaýatlary (her welaýat 1 altyn) mynasyp bolmagy başardylar.
Çekeleşikli geçen ýaryşyň ýeňijilerine Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Hormat hatlary, Türkmenistany Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň medallary,Türkmenistanyň küşt federasiýasynyň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary Milli merkeziniň sowgatlary gowşuryldy.
Ýazbike ÖWEZOWA,
Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň düzzüm boýunça tälimçisi.