Futzal boýunça milli ýygyndymyz Paýtagtymyzda geçiriljek Aziýa Çempionatyna taýýarlanýar. Milli ýygyndymyz Olimpiýa şäherçesinde, şeýle-de, daşary ýurtlaryň birnäçesinde okuw-türgenleşik taýýarlygyny geçdiler. Biz hem futzal boýunça milli ýygyndymyzyň Olimpiýa şäherçesinde taýýarlyk geçýän günlerinde Abdylla Gurbannepesow bilen gysgaça söhbetdeş bolduk. Abdylla belli şahyrymyz Ahmet Gurbannepesowyň ogludyr.
– Abdylla gürrüňimizi professional derejede futbol oýnan günleriňden başlaýaly!?.
– 2002-nji ýylda Halkara türkmen-türk uniwersitedine okuwa girdim. 2003-nji ýylda uniwersitetiň HTTU toparynyň düzüminde futbol oýnap başladym. Bir ýyl birinji ligada oýnadyk. 2004-nji ýylda bolsa ýokary liga çykdyk. Toparymyz şol ýyllarda gowy oýun görkezip, yzly-yzyna üç ýyl öňdeligi eýelemegi başardyk. Üç ýyl hem yzly-yzyna Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogyna mynasyp bolduk. 2009-njy ýylda bolsa «Altyn Asyr» futbol toparynyň düzüminde oýnadym. Şol ýyl hem ýurduň kubogyny eýelemegi başardyk.
– Diýmek, size ýurdumyzyň öňdebaryjy futbol toparlarynda oýnap, tejribe toplamaga uly mümkinçilik bolupdyrda?!.
– Hawa. Sebäbi şol ýyllarda toparlarymyzda ady belli, tejribeli oýunçylarymyz bardy. Tälimçilerimiz hem tejribesi ýetik hünärmenlerdi.
– Indi gürrüňmizi futzal oýnap başlan günleriňiz bilen dowam etdiräýeliň...
– Futzal bilen 2006 – 2007-nji ýyllarda gulluk edýän döwürlerimde meşgullandym. 2012-nji ýyldan bäri hem «Migrasiýa» toparynyň düzüminde oýnap gelýän. Şeýle-de, şol ýyldan bäri milli ýygyndymyzyň düzüminde çykyş edip gelýän.
– Abdylla, söhbetimizi Aziýa çempionatyna görülýän taýýarlyk bilen dowam etdiräýeliň. Siz ýygyndymyzyň kapitany. Bize geçirilýän okuw-türgenleşikler hakyndaky pikirler kapitanyň gözi bilen seredilende has-da gyzykly!..
– Bilşimiz ýaly Aziýa çempionatynyň final tapgyrynda saýlama tapgyrçasyny şowly geçiren ýygyndylaryň 16-sy toparçalaryň dördüsinde bäsleşige goşularlar. Her toparçada ilkinji iki orny eýelän ýygyndylar ýaryşy çärýek finaldan dowam etdirerler. Milli ýygyndymyz geçirilen bije çekişligiň netijesinde «A» toparçada Wýetnamyň, Täjigistanyň hem-de Omanyň milli ýygyndylary bilen bäsleşer. Ýygyndy toparymyz ilkinji duşuşygyny 26-njy fewralda Omanyň ýygyndy toparynyň garşysyna geçirer. Ýokary derejede taýýarlyk görýändigimizi bellemek gerek. Oglanlarymyz elinden gelenini edýärler. Tälimçilerimiziň berýän tabşyryklaryny ýokary derejede ýerine ýetirmäge çalyşýarlar.
– Ýaňy-ýakynda Horwatiýada geçirilen halkara ýaryşyndan dolanyp geldiňiz...
– Horwatiýada geçirilen halkara ýaryşyndan soň taýýarlygymyzyň depginini birjik-de gowşatmadyk. Uly futbol boýunça baş tälimçi, Ante Mişeniň kömekçisi Maksim Belyh bilen geçirilen türgenleşik ýygnanyşygymyz, esasan-da, fiziki taýýarlyga gönükdirildi. Olimpiýa şäherçesinde geçirilen okuw-türgenleşik 10 gün dowam edip, oýunçylarymyz şonda topsuz işlediler. 7-nji ýanwarda taktiki türgenleşiklerimizi ýola goýduk. Umuman, üç hepdeläp dowam etjek ýygnanyşygymyzda türgenleşigimizi günde iki wagtyna geçirýäris.
– Öňümizdäki okuw-türgenleşikleridir, ýaryşlar barada hem aýdaýsaňyz.
– Türgenleşik ýygnanyşygymyzyň ikinji tapgyry şu aýyň soňky günleri BAE-niň Dubaý şäherinde dowam eder. Alty gün dowam etjek ýygnanyşykda ýerli toparlaryň üçüsi bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirmegi meýilleşdirýäris. Ondan soň Taýlandda geçiriljek halkara ýaryşyna gatnaşarys. Bu ýerde örän güýçli ýygyndylaryň jemlenendigini aýdyp geçeýin. Toparçalaýyn bäsleşikde ýer eýesi Taýlandyň hem-de Malaýziýanyň ýygyndylary bilen bäsleşeris.
– Ýaňy biz, Aziýa çempionatynyň bije çekişligi dabarasy hakynda gürrüň etdik. Şonda size hem milli ýygyndymyzyň kapitany hökmünde dabarada bijeleri çekmek ynanyldy. Toparçamyzdaky ýygyndylar baradaky pikiriňizi hem paýlaşaýsaňyz!?.
– Ýygyndy toparymyz ilkinji duşuşygyny 26-njy fewralda Omanyň ýygyndy toparynyň garşysyna geçirer. Omanyň milli ýygyndysy Aziýa çempionatyna ilkinji gezek çykýar. Olar barada üýtgeşik maglumatlarymyz ýok. Täjigistanyň milli ýygyndysy bilen 2015-nji ýylda Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyrynda duşuşypdyk. Şonda Hujjand şäherinde 3:3 hasabynda deň oýnapdyk. Aziýadada Wýetnamyň ýygyndysy bilen hem duşuşyp 1:0 hasabynda asgyn gelipdik. Esasy garşydaşymyz hem şol ýygyndy bolar diýip garaşýarys. (şol pursat hem milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi Robert Grdowiç oýunçylary nobatdaky türgenleşige başlamaga çagyrdy)
– Abdylla biz sizi türgenleşikden saklap durmaly. Beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin sag boluň!
– Sizem sagboluň, gelip duruň...
Söhbetdeş bolan Allanur ÇARYÝEW,
«Türkmen sporty» gazetiniň habarçysy.