Şu günler Türkmenistanyň milli ýygyndy topary Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlaryna güýçli depginde taýýarlyk görýär. Habarçymyz taýýarlyk işiniň gidişi hakda gyzyklanyp, Türkmenistanyň milli futzal ýygyndysynyň oýunçylary Daýanç Garajaýew hem-de Gurbangeldi Sähedow bilen gürrüňdeş boldy.
Daýanç Garajaýew, Türkmenistanyň milli futzal ýygyndysynyň oýunçysy:
— Men geçilýän okuw-türgenleşikler özüniň garaşylýan netijesini berer diýip hasaplaýaryn. Kuweýtde hem-de Horwatiýada geçirilen oýunlar biziň üçin örän ähmiýetli boldy. Tälimçilerimiz ol oýunlar boýunça çuňňur seljerme geçirip, zerur netijeleri çykararlar diýip hasap edýärin. Mähriban Arkadagymyzyň Türkmenistanda sporty ösdürmek boýunça öňe sürýän ýörelgeleriniň üstünlikli durmuşa geçýändigi, milli ýygyndy toparymyzyň Aziýa çempionatyna taýýarlyk işleriniň barşynda hem görnüp dur. Häzirki döwürde biziň ýaryşa ykjam taýýarlanmagymyz üçin ähli şertler döredildi. Mähriban Arkadagymyzyň jany sag bolsun! Hormatly Prezidentimiz tarapyndan döredilýän şeýle mümkinçilikler bizi köp zada borçlandyrýar.
Gurbangeldi Sähedow, Türkmenistanyň milli futzal ýygyndysynyň oýunçysy:
— Kuweýtde geçen okuw-türgenleşigiň dowamynda biz Kuweýtiň ýygyndysy bilen iki duşuşyk geçirdik. Birinde utuldyk, ikinjisinde deň oýnadyk. Horwatiýada geçen okuw-türgenleşiginde bolsa biz Hytaýyň, şeýle hem Ýewropanyň ýygyndy toparlarynyň birnäçesi bilen duşuşdyk. Umuman, oýnumyz hiç neneň bolmady. Ýöne bu oýunlarda esasy wezipe netije gazanmak bolman, öňdäki ýaryşlara taýýarlyk görmekden ybarat boldy. Nesip bolsa Aziýa çempionatynda taýýarlygyň netijelerini görkezip, muşdaklarymyzy begendireris diýip tama edýärin. Nesip bolsa ýene-de sanlyja günden biz Birleşen Arap Emirliklerinde okuw-türgenleşigiň nobatdaky tapgyryny geçirmäge ýola düşeris. Soňra bolsa Taýlandda geçiriljek «Dostluk kubogy» atly ýaryşa gatnaşarys. Soňky ýaryş Aziýa çempionatyna taýýarlygyň iň aýgytly bölegi bolar. Elbetde garşydaşlarymyz örän güýçli. Şonda-da biz mähriban Arkadagymyzyň, türkmen halkymyzyň özümize bildiren ynamyny ödemek üçin ähli güýjümizi gaýgyrmarys.
Söhbetdeş bolan Gurbangeldi MÄMMETSÄHEDOW,
«Türkmenistan Sport» halkara žurnaly.