Soňky habarlar

Berdimyrat Sapardurdyýew: «Meniň wezipäm derwezäni ygtybarly goramak»

Futzal boýunça Aziýa çempionatyna ýokary derejede taýýarlyk görýän milli ýygyndymyzyň okuw-türgenleşik işleri güýçli depginde dowam edýär. Bu şanly wakany şöhlelendirmek maksady bilen sport žurnalistleri türgenler bilen pikir alyşdylar. Türkmenistanyň milli futzal ýygyndysynyň derwezeçisi, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Berdimyrat Sapardurdyýew öňümizdäki ýaryşlar hakynda şeýle gürrüň berdi:

—Çagalygymdan futzal bilen meşgullanýanlygym üçin Aziýa çempionatynyň ýurdumyzda geçirilýänligi gaty buýsandyrýar. Çünki bu gün maňa ýurdumyzyň sport abraýyny goramak bagty nesip etdi. Bize bu ýaryşda üstünlikli çykyş etmek üçin ähli şertler döredildi.

Ine, häzirki wagtda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesinde dowam edýän okuw-türgenleşik işlerine gatnaşýarys. Ýanwar aýynyň ahyryna Birleşen Arap Emirliklerinde taýýarlygy dowam etdireris. Soňra bolsa Taýland döwletinde guraljak halkara ýaryşynda çykyş ederis. Munuň özi bize ýaryşda netijeli çykyş etmäge mümkinçilik berer.

Ýaryş döwründe üstünlikli çykyş etmegimiz üçin her bir oýunçy yhlas eder. Men bolsa derwezeçi hökmünde milli ýygyndymyzyň üstünlikli çykyş etmegine öz mynasyp goşandymy goşjaklygymy ynandyrýaryn. Çünki meniň wezipäm derwezäni ygtybarly goramakdan ybarat.

 Ýazga geçiren Gunça GURBANMMÄMEDOWA,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sport žurnalisitkasy hünäriniň talyby.