2020-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda «Oguzkent» myhmanhanasynda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatynyň geçirilmegine we onuň ähmiýetine bagyşlanyp, «Altyn asyr: Türkmenistan» teleýaýlymynda gepleşik taýýarlanyldy.
Şol gepleşige Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň prorektory K.Hümmäýew, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň esasy hünärmeni Ý.Aşyrmyradow, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy G.Ataýew we Türkmenistanyň Inžener tehniki we ulag kommunikasiýalar institutynyň mugallymy A.Hojalyýew dagylar gatnaşdylar.
Olar milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Bitaraplygyň 25 ýyllygyna we Halkara Bitaraplyk gününe taýýarlyk görmäge bagyşlanyp geçirilen halkara maslahatda döwlet Baştutanymyzyň öňe süren başlangyjy, halkara maslahatyň ahyrynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça gol çekilen ikitaraplaýyn halkara resminamalary we ýurdumyzyň beýleki ugurlary boýunça, ylaýtada ulag, energetika, ekologiýa we daşky gurşawy goramak hem-de sport we ýaşlar syýasaty boýunça Birleşen Miller Guramasy bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk barada söhbet etdiler.
1995-nji ýyldan häzirki wagta çenli Bitarap Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiliginiň ykbalyny öz içine alýan halkara başlangyçlary netijesinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 13 sany Kararnamalar kabul edildi.
Olaryň hatarynda 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisiniň 82-nji maslahatynda «3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan etmek hakynda Kararnamanyň bardygyny aýratyn bellemek bolar.
Ady görkezilen Kararnama BMG-niň agza döwletleriniň 56-sy awtordaş bolup çykyş etdiler. Bu mynasybetli ýurdumyzda her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped güni halkara derejesinde giňden bellenilip geçirilýär.
Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi.