2020-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysyny üstünliklere ruhlandyrmaga bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mejlisler zalynda geçirilen maslahata bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanyň futbol federasiýasynyň jogapkär işgärleri gatnaşdylar.
Şeýle-de, Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Robert Grdowiç, milli ýygyndynyň agzalary Watan Ataýew, Gurbangeldi Sähedow, Daýanç Garajaýew öňdäki jogapkärli ýaryşda netijeli çykyş etmek üçin yhlaslaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Dabaraly maslahatyň dowamynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Sagdyn nesiller» aýdym-saz topary çykyş etdi.
www.msy.gov.tm