Daşoguz welaýat maýyplar bedenterbiýe-sport klubunyň guramagynda göreş we daýanç-hereket ediş synasy şikesli 18 ýaşa ýetmedik türgenleriň arasynda küşt we şaşka boýunça şu klubuň kubogyny almak ugrunda ýaryş geçirildi.
Netijede, şaşka boýunça 1-nji orny «Bitaraplyk» topary, 2-nji orny «Berkararlyk» topary, 3-nji orny «Diýar» topary eýeledi.
Küşt boýunça toparlaryň arasynda geçirilen ýaryşyň netijesinde 1-nji orna «Zaman» topary, 2-nji orna «Garaşsyzlyk» topary, 3-nji orna «Bitaraplyk» topary mynasyp boldy.
Şeýle hem şaşka boýunça klubuň şahsy birinjiligini almak ugrunda gyzlaryň arasynda 1-nji orny Nurana Goçmamedowa, 2-nji orny Sewinç Waisowa, 3-nji orny Gurbanjemal Hanmedowa, oglanlaryň arasynda 1-nji orny Sadyk Sadykow, 2-nji orny Allaberdi Gylyçmedow, 3-nji orny Şatlyk Täjibaýew eýelemegi başardy.
Ýeňiji bolan toparlara Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Gurban GURBANOW,
Daşoguz welaýat maýyplar bedenterbiýe-sport klubunyň tälimçisi.