Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabatda noýabryň ikinji ýarymynda geçen tennis boýunça Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň geçişini bir söz bilen şeýle suratlandyrmak mümkin. Ýylyň bu möwsümi türkmen milli senenamasynda «gara gyş» diýlip atlandyrylýar. Ýöne «Gara gyşyň sowugy» diňe bir tennisçilere däl, ýaryşyň gidişini görmäge gelen sport muşdaklaryna hem «öz hökümini» ýöredip bilmedi. Çünki tennis kortlarynda geçýän «gyzgyn duşuşyklaryň» täsiri, göýä çigrekli howany hem bir pursat maýladan ýaly duýgy döretdi. Dogry, ýaryş ýene paýtagtly tennisçileriň artykmaçlygy bilen geçdi. Ýöne korta çykan tennisçileriň mahal-mahal görkezen oýunlary tomaşaçylaryň dowamly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Şol pursatlar hem türkmen tennis mekdebiniň kämillik ýoluna ynamly gadam urýandygyny äşgär görkezdi. Guwandyryjy ýeri hem ýaryş diňe bir Aşgabatdan däl-de, Mary, Daşoguz, Lebap welaýatlaryndan hem ezber tennisçileriň bardygyny görkezdi.
Ýaryşyň netijeleri barada aýdanymyzda bolsa erkekleriň arasynda garaşylyşy ýaly, aşgabatly türgen Ýuriý Rogusskä taý gelen bolmady. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Nelli Grigorýewna Woýniçden tälim alýan Ýuriý Rogusskiý soňky döwürde ýurdumyzda geçýän ýaryşlarda yzygiderli ýeňiş gazanýar. Bu gezegem ol finalda paýtagtymyzdan beýleki bir tennisçi Altymyrat Gurbanowy ynamly ýeňdi hem-de ýaryşyň baş baýragyna eýe boldy. Altymyrat bolsa bu gezegem ikinji orun bilen kanagatlanmaly boldy. Üçünji orna bolsa Mary welaýatyndan belli tälimçi Andreý Dowmatowyň şägirdi Meýlis Orazmuhammedow mynasyp boldy.
Gyzlaryň arasyndaky bäsleşikde baş baýrak ugrunda esasy göreş Güljan Muhammetgulyýewa bilen Bahar Toýmyradowanyň arasynda gitdi. Çekeleşikli geçen duşuşykda Güljan Muhammetgulyýewa ýeňiş gazandy. Gyzlaryň arasynda hormatly 3-nj orna Arzuw Klyçewa mynasyp boldy.
Erkekleriň arasynda jübüt ýaryşda Ýuriý Rogusskiý özüniň bu ýaryşda ikinji altyn medalyny gazandy. Bu gezek ol hormat münberine ýaryşda bile çykyş eden ýoldaşy Gurbanberdi Gurbanberdiýew bilen bilelikde çykdy. Erkekleriň arasynda jübüt ýaryşlarda ikinji orna Mary welaýatynyň tennisçileri Kakajan Baýramgeldiýew bilen Meýlis Orazmuhammedow eýe boldular.
Gyzlaryň arasynda geçen jübüt ýaryşlar has hem çekeleşiklli geçdi. Ýekelikde çykyş edende ikinji orun bilen kanagatlanmaly bolan Bahar Toýmyradowa jübüt ýaryşda özüniň ýeňiji bolmak hakyndaky isleginiň ýöne ýere däldigini subut etdi. Ol Anastasiýa Azymbaýewa bilen ýaryşyň baş baýragyna mynasyp boldy. Gyzlaryň arasynda ýekelikde çykyş edip, ýeňiji bolan Güljan Muhammetgulyýewa jübüt ýaryşda Sülgün Hemraýewa bilen bilelikde ikinji orny eýeledi.
Türkmenistanyň kubogy ugrunda geçen ýaryş statistika babatynda şeýle netijeleri berdi. Türkmen tennisiniň ösüş depginleri barada aýdanymyzda bolsa ýaryşyň ýaş tennisçileriň birnäçesiniň üstüni açandygyny ynamly bellemek bolar. Ol tennisçileriň ýakyn wagtlarda jogapkärli ýaryşlarda üstünlik gazanyp öz muşdaklaryny begendirjegine hiç-hili şek-şübhe bolup bilmez. Ýaryşyň ýeňijileri hakda aýtsak, Ýuriý Rogusskiniň ýeterlik dereje-de kämil oýun görkezýändigini aýratyn bellemek zerur. Bu tennisçiniň ýakyn wagtlarda halkara ýaryşlarynda hem türkmen tennisiniň abraýyny ýokary göterjegine ynam etmek bolar. Ýaş tennisçiniň tälimçisi Nelli Grigorýewna Woýniçiň aýtmagyna görä, Ýuriý Rogusskiniň iri halkara ýaryşlarynda çykyş etmek üçin ussatlygam, gujur-gaýratam bar. Oňa diňe tejribe ýetmezlik edýär. Ol tejribe hem halkara ýaryşlarynda gazanylmaly. Halypa tälimçiniň aýdanlaryndan ugur alyp, biz tennisçilerimiziň, şol sanda Ýuriý Rogusskiniň hem halkara derejesindäki ýaryşlarda etjek çykyşlaryna umyt bilen garaşyp bileris. Şeýle umyt etmäge Türkmenistanyň kubogy ugrunda tamam bolan ýaryş bize doly esas berýär.
Gurbangeldi MÄMMETSÄHEDOW,
«Türkmenistan Sport» halkara žurnaly.