Soňky habarlar

Welosipedli gezelenjiň muşdagy

Alys menzile – «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna welosipedli syýahata gitmegi  ýüregine düwen halypa türgeniň häzir aladasy ýetikdi. Ýüzlerçe kilometrlik näbelet ýoly welosipedli geçmegiň ýeňil-ýelpaý wezipe däldigine kemsiz düşünýän halypa welosipedçi Aga Orunowyň özüne ynamy uludy. Uzak ýoly welosipedli külterlemekde tejribesi ýetik halypa türgen üçin öňünde durýan synag ýaýdandyrmaýardy. Ol üstünlige sarsmaz ynam bilen erjelligiň birleşen ýerimde ýeňşiň şübhesizdigini gowy bilýärdi.

Uzak ýolda zerur boljak suwdyr azyk-owkadyny, beýleki zerur zatlaryny welosipedine ykjam ýerleşdiren 80 ýaşyň onundan giren halypa türgen «Mary-Türkmenbaşy» ýazgyly welosipedine münüp, Mary şäherinden «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna tarap ýola düşdi. «Altyn güýzüň  salkyn  howasy» uzak ýola düşen halypa welosipedçiniň ýeňşe ynamyna ynam goşdy. Onlarça ýylyň yzygiderli türgenleşigi uly synaga hötde gelmäge ruhlandyrsa-da, uzak ýola ilkinji synagy, nätanyş menziller oýlandyrmanam durmaýardy. Aga mugallym welosipedindäki tizligi ölçeýji enjamyň peýkamyny sagatda 25-30 kilometr tizlik aralygynda saklap, ilkinji kilometrleri yzda galdyrdy. Gojaman Hazara  tarap ugur alan halypa türgeniň maksadyna ýetmäge ynamy ruhlandyrýardy.

Halypa türgen Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Hyrslan Jumaýew geňeşliginiň ýaşaýjysy, 74 ýaşly Aga Orunowdy. Obasyndaky 34-nji orta mekdepde onlarça ýyllap bedenterbiýe mugallym bolup işläp gelýän Aga mugallymyň hereketleri ýaş ýigidi ýadyňa salýardy. Şu pursat ýaşaýşyň hereketdedigi hakynda oý-pikirler aňynda aýlanýardy. Halypa türgen bilen gürrüňimiz sport, welosiped we irginsiz türgenleşikler barada boldy. Ol günde oba oýanmanka ir şäherde welosipedli ýörişleri barada söhbet açdy. Obalarynyň aýna ýaly köçeleriniň türgenleşik üçin goşmaça amatlykdygyny ýatlady. Soňra Aga mugallym:

– Meniň welosiped sportundaky netijelerim halypam, bedenterbiýe mugallymym Amanmyrat Hommadowyň göreldesiniň, maslahatlarynyň miwesi. Ol maňa geçen asyryň 60-njy ýyllarynda diňe sport bilen meşgullanmagy sargyt edipdi. Halypanyň sargydyna eýeribem bedenterbiýe mugallymam boldum. Welosipedem aýrylmaz hemram boldy. Janym sag, süňňüm ýeňil. Bu-da welosipedli türgenleşigimiň netijesi diýip düşünýän – diýip, gürrüň berdi.

Halypasynyň ýörelgesine eýeren Aga Orunow okuwçylarynam sporta çekmekde uly tagallalary edýär. Welosipedli sport meselesinde welaýat baş bilim müdirliginiň hünärmeni Welmyrat Annaýewiň ýadawsyz goldaw-ýardamyny öwran-öwran minnetdarlyk bilen ýatlady. Ol 2013-nji ýylyň güýzünde ilkinji gezek «Awaza» gitmekçi bolanda obada: «Aga Orun şehit bolmaga gitjek bolýar» diýenlerem tapylypdyr. Ýöne ol şol gezek 5 günde «Awaza» welosipedli baryp, özüniň erjelligini, çydamlylygyny uly ile äşgär edýär. Şu ýerde hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda welosiped sportuny ösdürmekdäki tagallalarynam ýatlamalydyrys.

– Dogrusy, ýanýoldaşym Annajemaldan, ogul-gelinlerimden örän razy. Olar maňa goldaw-ýardam bermeseler, şol alys menzilleri kösenmän geçip bilmezdim. Maşgalamyň goldawy maňa uzak ýolda güýç-kuwwat berýär. Maşgalamyň agzybirligi, ählisiniň maňa hemaýatlylygy meniň welosipedli ýörişlerimiň ygtybarly kepili – diýip, soňra Aga mugallym gürrüňini dowam etdirdi...

Aga mugallym bilen gürrüňimize onuň ýanymyzda oturan ýanýoldaşy, 34-nji orta mekdebiň mugallymy Annajemal gelneje-de goşuldy.

– Kakasy uzak ýola düşse, yzyna gelýänçä hijimize ýatuw ýok. Gaýgy edip gije-gündiz mazamyz ýok. Her gezek daş ýola ugranda bir tamdyr çöregi sadaka berip, Alladan ak ýoly dileýän. Sebäbi kakasy gije-de ýöreýär, gündizem. Ýollaryň gatnawunam özüňiz bilýärsiňiz. Uly oglumyz Şamuhammetdir körpämiz Saýlawam meniň bilen habarlaşyp, kakalarynyň ýagdaýy bilen gyzyklanyp durýarlar. Bir gezek dagy gije sagat birlerde Gyzylarbadyň (häzirki Serdar) ýanyndan jaň edýär. Ýol bejerilýär eken-de, gije ýoluny çalşyp, azaşypdyr. Onsoň ogullarymyz eýläk-beýläk jaň edip, dogry ýoly salgy berdik. Ana, sag-aman öýüne dolanansoň welin, ynjalýarys – diýip, Annajemal gelneje ýylgyrýar.

Soňra Aga mugallym bir ýola düşensoň gijä gündize parh goýman ýöreýändigini gürrüň berdi. 6-8 sagatlap durman ýöreýändigini ýatlady. Gije sürmegiň hatarlydygyna ünsümizi çekdi.

– Aga mugallym, ýatmak-dynç almagyň ýagdaýy nähili? – diýen sowalyma:

– Uklamaga amatly ýer bolsa, göni 30-40 minut irkilsem ýeterlik. Agyr nahardan saklanyp, çaý-suw içýän-de, ýene ýola düşýän. Welosipedi sürenimde hasanaklap, haýdab-a süremok. Ýöne juda haýalam ýörämok. Ýolda kofe, limon suwuny içýän. Gije maşynlaryň çyrasy herekete birneme zyýan ýetirýär – diýip, jogap berdi.

Halypa welosipedçi türgen Aga Orunowyň öýünde welosipedleriň dürli görnüşleriniň 6-sy bar. Ählisem herekete doly taýýar. Ol ýola gitmezinden öň welosipedini ykjam taýýarlaýandygyny aýtdy. Näçe gezek alys ýola gidende-de, diňe bir gezek tigiriniň ýarylyp, eglenmeli bolandygyny ýatlady. Soňra welosipedli Aşgabada gideninde ýadandygyny gürrüň berdi. Gije sagat 12-lerde Murgapdan ugrap, ertesi agşam 11-lere Ýaşlyga barandygyny, durman diýen ýaly gideni üçin juda ýadandygyny gürrüň berdi. Käte uzak wagtlap birmeňzeş ýoldan uzak ýörese ýolda gidip barýarka uklaýan wagtlarynyňam bolandygyny ýatlady.

– Aga mugallym, ilatsyz ýerlerde gije ýörişiňde howply ýagdaýlardan çekinmediňizmi?

– Aý, men-ä şol zatlar barada pikirem etmändirin. Bar küýüm-küjüm bellenilen ýere ýetmek bolansoň howp-hatar-a känbir aňyma-da aýlamandyryn. Ýöne «Awaza» ikinji gezek gidenimde  Serdar şäheriniň golaýynda ýoluň gyrasynda gije-gündiz işleýän naharhanadan çaý-çörek iýip, gije sagat 2-lerde ýola düşmekçi bolanymda şol ýerde işleýän oglanlar: «Agam, gije ýöremeli däl ekeniň, gijelerine ýoluň ilatsyz ýerlerinde arslan duş gelýär. Gitseňizem hüşgär boluň» diýdiler. Töwekgelçilik edip, ýarygije ýolumy dowam etdirdim. Ýoluň ilatsyz ýerine ýetenimizde gije gaçyp barýan eşek sürüsi öňümden çykdy. Bu barada indiki baran ýerimde gürrüň edenimde ýerli oglanlaryň biri şol sürüniň arslandan gaçyp gelýän bolmagynyň ahmaldygyny ýatlady. Men-ä ýolda başga ýyrtyjy haýwana duş gelmedim.

Welosiped bilen bagly meşhurlygy ýylsaýyn artýan halypa türgen öz ýörelgesine ýaşlary çekmek ugrunda ýadawsyz aladalanýar. Ýaşlaryň arasynda welosipedli ýaryşlary gurap durýar. Ýene bir geň galdyran zat, Aga Orunowyň obasynda welosipediň köpler üçin bähbitli ulaga öwrülendigi boldy. Diýmek, halypa welosipedçiniň göreldesine eýerýänleriň sany ýylsaýyn artýar.

Aga mugallymyň welosiped sportunyň il içinde meşhurlyga eýe bolmagyndaky goşandy şübhesiz hakykatdyr. Tüweleme, ýaşyna garanyňda has ýeňil gopýan halypa türgeniň zähmetsöýerlikde-de, başyna baran işiniň kemini-kössüni goýmaýandygynam ýatlamalydyrys. Muňa biz  Aga mugallymyň ýadawsyz zähmeti bilen sözüň doly manysynda gülzarlyga öwrülen mellegiň mysalynda göz ýetirdik. Uly ogly Şamuhammediň jenneti mekany ýadyňa salýan mellegi bilen tanyşdyryp ýörkä Aga Orunow şeýle gülzarlygyň döretmeginde uly yhlas edendigini gürrüň berdi. Dürli görnüşli güllere, miweli baglara beslenip oturan mellek, hakykatdanam, göreni haýrana goýýar.

 Hoşlaşjak bolanymyzda halypa welosipedçi Aga Orunow maşgalasyndan, il-gününden müňde bir razydygyny, bagtly günleriniň gözbaşynyň päk zähmetde, maşgalasynyň agzybirliginde, abadanlygynda jemlenýändigine ünsümizi çekdi. Aga mugallymyň ýakyn goldaw-ýardamçysy bolan maşgalasyna agzybirligi, abadançylygy rowaç ýollarynyň bolsa hemişe ak, bolmagyny arzuw edýäris.

Baýram AMANOW,

Mary welaýatynyň ýaşaýjysy.