Soňky habarlar

Ante Mişe: «Türkmenistana KHDR-den üstün çykmak möhüm»

Aşgabatdaky «Sport» myhmanhanasynda Türkmenistan ― KHDR futbol duşuşygynyň öňüsyrasyndaky metbugat maslahaty bolup geçdi. Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyrynyň çägindäki bu duşuşygyň öňüsyrasynda milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi, horwatiýaly hünärmen Ante Mişe žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi.  

– Milli ýygyndymyzyň duşuşygyň öň ýanyndaky ýagdaýy barada maglumat beräýseňiz.

– Bizde ýekeje mesele bar ― Ruslan Mingazow Gazagystanyň çempionatynyň soňky tapgyrynda şikes aldy (duşuşyk «Irtyş» «Astanany» 2:0 hasabynda ýeňdi ― redaksiýanyň belligi). Oýunçynyň myşsalaryna zeper ýetipdir. Şonuň üçin ol ertirki duşuşykda bize kömek edip bilmez. Üçünji derwezeçimiz Rahat Japarowda hem şikes bar. Ýöne ol ― üçünji derwezeçi. Şonuň üçin bu şikes uly bir mesele däl.

Toparda ýagdaýlar gowy, bize näme gerek bolsa, şoňa-da taýýarlandyk. Biz KHDR-nyň ýygyndysyna uly hormat goýýarys. Garşydaşlarymyz güýçli ýygyndy, sazlaşykly oýunlary bar. Olar meýdanyň merkezinde gowy goranýarlar, ýöne ganatlarda gorag biraz gowşak. Şonuň üçin biz esasy hüjümi ganatlardan amala aşyrmaga çalşarys.

– Ýakynda juda jogapkärli duşuşygyň bardygyny futbolçylaryň bilmegi gerek. Ruslan Mingazow hem öz güýjüni KHDR-nyň ýygyndysy bilen boljak möhüm duşuşyk üçin aýap bilerdi.

– Ruslan ýakynda Türkmenistanyň ýygyndysynyň hatarynda örän möhüm oýnunyň bardygyny «Irtyşyň» tälimçisine aýdypdyr. Tälimçi bolsa ondan, iň bolmanda, 60 minut kömek etmegi haýyş edipdir. Bu futbol ― boljak zada çäre ýok. 

– Siz KHDR-nyň Koreýa Respublikasy bilen geçiren soňky duuşygyna syn etdiňizmi?

– Nirede syn edeýin? Bu mümkin däl. Sebäbi ýapyk oýun boldy. YouTube arkaly diňe duuşygyň gysgaça mazmunyna tomaşa edip bildim. Ýöne garşydaşlarymyzyň Liwandyr Şri-Lanka bilen geçiren duşuşyklaryna tomaşa etdim.

– Statistikalar Türkmenistanyň ýygyndysynyň KHDR-nyň futbolçylaryny ýeke gezek gezek hem ýeňip bilmändigini görkezýär. Belki, bu statistikalary siz üýtgedip bilersiňiz.

– Hawa, statistikalar bar, ýöne olary özgerdip bolýar. Biz örän gowy taýýarlandyk, ertir bu taýýarlygyň miwesini görmek isleýäris. Üstesine, biz öz janköýerlerimiziň arasynda oýanaýrys. Biz ― ýer eýeleri. Men futbolçylarymyzyň hem bizi diňe ýekeje netijäniň ― ýeňşiň kanagatlandyryp biljekdigine düşünýändigine ynanýaryn. Hatda deňlik hem däl. 

– Siz garşydaşyň gowy goranýandygyny aýtdyňyz? Esasy ganatlardan hüjüm gurnamagy meýilleşdirýärsiňizmi?

– Hawa, munuň üçin bizde örän ukyply futbolçylar bar. Olaryň biri kapitanymyz ― Arslanmyrat Amanow, çepde bolsa Altymyrat Annadurdyýew bar. Olar ýekme-ýeklikde garşydaşyň goragçylaryndan üstün çykyp biljek derejede ukyply. Bize garşydaşyň jerime meýdançasyna köplük bolup baryp, mümkin bolan ilkinji pursatda gol geçirmek zerur. Galany, ýoluna düşüp gider diýip tama edýärin.

– Liwandan ýeňilmek biziň ýygyndymyzyň indiki tapgyra çykmak mümkinçiligini azaltdy. Siz şundan soň hem Türkmenistanyň ýygyndysynyň toparçada ikinji orun üçin göreşjekdigine ynanýarsyňyzmy?

– Hawa! Munuň üçin bize ertirki duşuşykda bar güýjümizi orta goýmak gerek. Biz häzir diňe KHDR-iň ýygyndysy bilen boljak duşuşygyň pikirini edýäris. Liwan bilen bolan duşuşyk barada aýdylanda bolsa, myhmançylykda çykyş edendigimize garamazdan, bir garşydaşdan rüstem oýnadyk. Gol geçirmäge pursatlarymyz hem kän boldy. Bize diňe şowlulyk ýetmedi. Men futbolçylarymyzyň ertir KHDR-i ýeňip biljekdigine ynanýaryn. 

www.turkmenportal.com