Soňky habarlar

Sportuň meşhur görnüşleri hakynda maglumatlar

Kikboks bilen meşgullanmagyň 5 peýdasy

Özüňe ynamy terbiýeleýär

Söweş sungatynyň islendik görnüşi çalasynlygy talap edýär. Sportuň kikboks görnüşinde hem tizlik talap edýän emeller türgeniň tiz we dogry netije çykarmagyna kömek edýär. Islendik pursatda tiz netije çykarmagy başarýan adam hiç bir kynçylykdan gorkmaýar. Kynçylyklary ýeňip geçmegi başarýan her bir ynsanyň özüne bolan ynamy ýokary derejede bolýar.

Nerw dartgynlylygyny aradan aýyrýar

Megerem, käbir filmlerde gahrymanlaryň nerw dartgynlylygyna düşende türgenleşik geçip, rahatlanýan sahnalaryny synlansyňyz. Şol sahnalar durmuşdan üzňe däldir. Şeýle ýagdaýda türgenleşik geçseň özüňi tiz ele alarsyň. Türgenleşik tamamlanansoň rahatlyk duýarsyň. Bu bolsa pikirlenişiň kadalaşmagyna getirýär.  

Bedende suwuň deňagramlylygyny döredýär

Üns berseňiz türgenleşikden soňra adatdakylardan köp suw içýänligiňize göz ýetirersiňiz. Suw bolsa bedenimize oňyn täsirini ýetirýär, ýagny bedende ýeterlik suw bolmagy beden agzalarynyň, şeýle-de deri öýjükleriniň kadaly işlemegine mümkinçilik berýär. Suwy köp içmek nahary az iýmäge eltýär. Bu bolsa ýagly naharlary iýmezlige, artykmaç agramlardan saplanmaga kömek edýär.

Ýürek urgularyny kadaly saklaýar

Sportuň kikboks görnüşinde güýçli depgindäki türgenleşik işleri geçirilýär. Şeýle türgenleşikler beden agzalaryny kislorod bilen üpjün edýär. Bedeniň kislorod bilen üpjün bolmagy ýürek urgularyny kadaly ýagdaýda saklaýar we ýürek agyry keseliniň öňüni alýar. Mundan başga-da, türgenleşik pursadynda bedeniň ähli myşsalarynyň işjeň ýagdaýda bolmagy tizlik, çalasynlyk, çeýelik, çydamlylyk ýaly endikleri hem kemala getirýär.

Juwanlygyňy saklamaga kömek edýär

Kikboks bilen meşgullanmak diňe bir fiziki güýjüňi artdyrmaga ýardam etmän, eýsem juwanlygyňy uzaltmaga hem ýardam berýär. Türgenleşik pursadynda birnäçe emelleri ýerine ýetirmeli bolýar, şonda bedeniň myşsalary işjeň ýagdaýda bolup, zyýanly maddalary bölüp çykarýar. Bu bolsa bedenimiziň her bir deri öýjüginiň sazlaşykly işlemegine eltýär.

 Taýýarlan Soltanmyrat ESENOW,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.