Çaga wagtymyz futbol diýip oýnaýan oýnumyz futzalyň düzgünlerine gabat gelýän eken. Sebäbi top oýnamaga çykan on-onki oglan ikä bölünip ýaryşardy. Uly futbolda diňe bir toparda 11 adamyň bolmalydygyny bilsegem, özümiziň futbol oýnaýandygymyz hakynda pikir etmändiris. Oýun meýdançamyz obanyň ilersindäki takyrlykda ýerleşýärdi. Ol futzal oýnalýan zaly ýatlatmanam duranok. Daýymlaryň obasyna gitsek çägede futbol oýnaýardyk. Bu kenarýaka futboly ýadyňa salýar. Aslynda welin, futzal «daýymlaryň obasynda» oýnaýan oýnumyzdan, ýagny kenarýaka futboldan döräpdir diýilýär. Ine, özümiz bilip ýa bilmän, futzaly çagalykdan hemra edinipdiris.
Hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylda Aşgabatda futzal boýunçaAziýa çempionatyny geçirmek baradaky Karara gol çekmegi diňe meni däl, kän adamy çagalygyna dolan bolsa gerek. Aşgabatdaky çempionatyň jemi boýunça dünýä çempionatynda Aziýa yklymyna wekilçilik etjek ýygyndylaryň atlarynyň belli ediljekdigi üçin onuň derejeli ýaryşdygyny nygtap oturmaga zerurlyk ýok. Türkmenistanda sportuň dürli görnüşleri boýunça dünýä çempionatlarynyň geçirilýän we olara taýýarlyk görülýän mahaly Aziýa çempionatynyň dabarasynyň şolardan kem bolmajakdygyny bellemelidiris. Çünki Aziýada dünýäniň iň köp ilatly ýurtlarynyň ýerleşýändigi nazara alynsa, Aşgabatdaky futzal çempionatyna tomaşa etjekleriň sanynyň islendik iri ýaryşyňkydan pes bolmajakdygy düşnüklidir.
***
Türkmenistanda Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda diňe şäherleriň birinjiligi derejesinde ýaryşlar geçirilýärdi. Diňe soňky birnäçe ýylda sportuň bu görnüşi giň gerime eýe boldy. Şeýlelikde, Türkmenistanyň milli ýygyndysy Aziýanyň çempionatlaryna, Aziýa oýunlaryna yzygiderli gatnaşýan döwletleriň birine öwrüldi. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň futbol federasiýasy tarapyndan Türkmenistanyň çempionaty, Aşgabat şäheriniň açyk çempionaty we welaýatlaryň birinjilikleri yzygiderli guralýar.
Şol ýaryşlaryň jemi boýunça milli ýygyndymyz düzülip, ol halkara ýaryşlarynda çykyş etmek bilen ýylsaýyn kämilleşýär. Olaryň golaýda Horwatiýada tamamlanan halkara ýaryşynyň finalyna çykandygy hem bu aýdylanlary tassyklaýandyr. Häzirki wagtda horwatiýaly tälimçi Robert Grdowiç tarapyndan tälim berilýän futzal ýygyndymyz öňdäki Aziýa çempionatyna ykjam taýýarlyk görýär.
Golaýda Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Eýranda guraljak Aziýanyň çempionatynyň saýlama ýaryşyna gatnaşar. Aziýanyň iň güýçli ýygyndysy we ençeme gezek çempiony Eýranyň we durnukly ösüşi başdan geçirýän Gyrgyz Respublikasynyň ýygyndylarynyň arasyndaky bäsleşik ildeşlerimiz üçin Aziýa çempionaytna taýýarlygyň bir tapgyry bolar. Çünki Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Aziýa çempionatynyň guramaçysy hökmünde onuň final bölegine saýlama ýaryşyň synagyndan geçmezden gatnaşmaga hukuk gazandy.
Saýlama tapgyryň Merkezi zolagynyň «B» toparçasynda çykyş edýän türkmen futzalçylary Eýranda dowam edýän saýlama ýaryşyň ilkinji oýnunda 23-nji oktýabrda Eýran bilen duşuşdylar. Yklymyň iň güýçli ýygyndysyndan ýeňilse-de, ildeşlerimiz diýseň erjel oýnap, öňdäki jogapkärli ýaryşa ykjam taýýarlanýandygymyzy görkezdik.
Türkmen futzalçylary ikinjisini duşuşygy 24-nji oktýabrda Gyrgyz Respublikasynyň ýygyndysy bilen geçirer. Milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi, horwatiýaly hünärmen Robert Grdowiçiň Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtyna beren interwýusynda aýdyşy ýaly, türkmen futzalçylary saýlama tapgyryň duşuşyklaryndan ozal Türkiýe Respublikasynda okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda boldular.
Futzal ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna hem girýär. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň maksady bolsa sportuň Olimpiýa maksatnamasyna kabul edilmedik görnüşlerini wagyz etmekden ybaratdyr. Ýöne ady agzalan oýunlardaky görnüşleriň derejesini peseltmeýär. Olaryň arasynda ýakyn ýyllarda Olimpiýa «maşgalasynyň» agzasy bolmaga mynasyp görnüşlerem az däl. Şolaryň biriniň futzaldygyny aýtmak gerek. Şonuň üçin hem türkmen paýtagtnda guraljak çempionatyň geljeginiň uludygyny, edil şonuň ýaly onuň türkmen furzalçylaryndanam uly sepgitlere garaşylýandygyny bellemek gerek.
Hojaberdi APBAÝEW,
žurnalist.