Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz ilatyň saglygyny döwletiň baş wezipesi diýip yglan etdi. Gahryman Arkadagymyzyň badalga beren Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» atly ýylynda hem ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmekde, raýatlaryň saglygyny pugtalandyrmakda maksatly işler alnyp barylýar.
Halkymyz «Sagdyn bedende – sagdyn ruh» diýen paýhasly jümleden ugur alýan, ruhy hem beden kämilligiň nusgasyny görkezýän Gahryman Prezidentimiziň göreldesine eýerýär. Milli Liderimiziň bedenterbiýe maşklaryny yzygiderli ýerine ýetirmegi, sportuň dürli görnüşlerinden ezberlik bilen baş çykarmagy munuň özi ähli türkmenistanlylaryň, şol sanda ýaş nesliň sport bilen içgin meşgullanmagyna we sagdyn durmuş ýörelgesini hemişelik hemrasyna öwürmegine oňyn täsirini ýetirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 12-nji noýabrynda çykaran «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly sport ýaryşlaryny guramagyň we geçirmegiň meseleleri hakyndaky 10698 belgili kararyna laýyklykda, “Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly ХI sport ýaryşlarynda Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda sportuň 11 görnüşi (ýeňil atletika, suwda ýüzmek, kiçi futbol, woleýbol, basketbol, gandbol, küşt, stoluň üstünde oýnalýan tennis, türkmen milli göreşi, badminton we tennis) boýunça geçirilýär.
Orta we başlangyç hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sportuň 12 görnüşi (suwda ýüzmek, kiçi futbol, ýeňil atletika, woleýbol, basketbol, küşt, düzzüm, şaşka, tennis, stoluň üstünde oýnalýan tennis, tigir sürmek we milli göreşi) boýunça ýaryşlar guralýar.
Ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary sportuň 8 görnüşi (woleýbol, küşt, futzal, stoluň üstünde oýnalýan tennis, suwda ýüzmek, tennis, basketbol, düzzüm) boýunça özaralarynda güýç synanyşýarlar.
Ýokary okuw mekdepleriniň talyplary sportuň 21 görnüşi (suwda ýüzmek, ýeňil atletika, woleýbol, tennis, stoluň üstünde oýnalýan tennis, küşt, basketbol 3x3, sambo göreşi, kuraş göreşi, grek-rim göreşi, futbol, bilýard, dzýudo göreşi, milli göreşi, futzal, basketbol, badminton, erkin göreşi, gandbol, tigir sürmek, kenarýaka woleýbol) boýunça öz ukyplaryny görkezýärler.
Hukuk goraýjy we harby edaralarynyň işgärleriniň arasynda sportuň 10 görnüşi (kiçi futbol, woleýbol, basketbol, ýeňil atletika, stoluň üstünde oýnalýan tennis, tennis, suwda ýüzmek, milli göreş, küşt, sambo göreşi) boýunça, ministrlikleriň we pudak edaralaryň işgärleriniň arasynda sportuň 9 görnüşi (kiçi futbol, woleýbol, basketbol, ýeňil atletika, stoluň üstünde oýnalýan tennis, tennis, suwda ýüzmek, milli göreş, küşt) boýunça milli Spartakiadanyň ýeňijileri belli edilýär.
Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparlarynyň arasynda sportuň 10 görnüşi (stoluň üstünde oýnalýan tennis, tennis, suwda ýüzmek, milli göreş, küşt, boks, grek-rim göreşi, erkin göreşi, dzýudo göreşi we sambo göreşi) boýunça ýaryşlara badalga berildi.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzda “Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilmegi ýurdumyzda adam saglygyna, sporta we bedenterbiýä ýokary derejede üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.
Taryhy taýdan gysga wagtyň içinde Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň we umumydöwlet çäreleriniň amala aşyrylmagynyň netijesinde ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň, olimpiýa hereketiniň we ýokary derejeli sportuň ösmegine giň ýol açyldy.
Pursatdan peýdalanyp, biziň her birimizi şeýle sagdynlyk, bagtyýarlyk ýolundan ýöremäge çagyrýan, biziň bagtly durmuşda sagdyn ýaşamagymyz barada ägirt uly aladalary edýän mähriban Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! Goý ýurt Baştutanymyzyň mundan beýlägem il-ýurt bähbitli işleri rowaçlansyn!
Gurtgeldi GARÝAGDYÝEW,
Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty
ministrliginiň ýaşlar syýasaty we
köpçülikleýin sport çäreleri bölüminiň
başlygy