Soňky habarlar

Aşgabatda halkara sport taslamasy kabul edildi

Daglar hakynda söhbet edilse, belentlikden söhbet açylýandygyny bilýäris. Asmana baksak, çäksiz, serhetsiz, ümmülmez giňişlik göz öňümizde peýda bolýar. Deňiz diýilse, çuňluk hakynda gürrüň edilýändigi hakyda dolýar. Türkmenistan diýeniňde bolsa, sportuň durnukly ösdürilýän we sport babatda iri taslamalaryň ara alnyp maslahatlaşylýan döwleti örboýuna galýar. Çünki häzirki wagtda Türkmenistanda sportda gazanylýan üstünlikler we ýetilýän sepgitler belentligi bilen halkara derejesinde ykrar edilýär. Türkmen türgenleriniň gazanýan üstünlikleri ýaýrawy babatda dünýä giňişligini gurşap alýar. Hormatly Prezidentimiziň sporty we Olimpiýa hereketini wagyz etmek baradaky tutumly işleri many-mazmun babatda çuňlugy bilen dünýä dolýar.

Dostlukly döwletleriň habar beriş serişdeleriniň birinde çap edilen habarda aýdylyşy ýaly, ýene bir täze sport taslamasyna ýaşyl yşyk ýakyldy. «Türkmenistan doganlyk-dostluk mekany», «Aşgabat  – halkara derejeli başlanyçlara badalga berilýän şäher», «Türkmen topragy (Magtymguly atamyz aýtmyşlaýyn) bir supranyň başynda jemlenişilýän, jebisleşilýän Diýar»...Bu sözler çeper sözüň mümkinçiligini ulanmak maksady bilen ulanylmady. Ol pikirler makalanyň girişini täsirli beýan etmek üçinem kagyza geçirilmedi. Agzalan jümleleriň her biri biziň ata Watanymyz hakynda gürrüň açylsa, ozaly bilen dile getirilýän aýytga öwrülen sözler.

2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Aşgabatda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisinde bu hakykata ýene bir gezek şaýat bolduk. Çünki mejlisiň barşynda GDA ýurtlarynyň oýunlary hakyndaky tertibiň hem-de GDA-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň degişli çözgütleriniň taslamalaryna garaldy. Şeýlelikde, bu taslama mejlisiň dowamynda hemmeleriň goldawyny tapyp, täze bir iri sport ýaryşy – GDA ýurtlarynyň oýunlary esaslandyryldy.

Adatça iri ýaryşlara baha berlende Olimpiýa oýunlaryndan soňra ilkinji ýaryş, hatda Olimpiýa oýunlarynyň derejesi berlip bilinjek bäsleşik, Olimpiýa oýunlary bilen bäsleşmäge ukyply sport oýunlary diýen ýaly meňzetmeler ulanylýar. Emma GDA ýurtlarynyň oýunlarynyň dünýäde guralýan iri ýaryşlaryň ençemesine deňeşdirip boljakdygyny bellemek gerek. Sebäbi Arkalaşygyň çäklerinde täze, gerimi boýunça deňi-taýy bolmadyk sport taslamasyna badalga bermek maksady bilen işlenip taýýarlanylan bu Oýunlaryň maksatnamasyna sportuň olimpiýa görnüşleri, GDA ýurtlarynda has meşhur bolan milli we olimpiýa däl görnüşler girizilýär.

Munuň özi ýaşlaryň sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, türgenleriň, tälimçileriň hem-de beýleki hünärmenleriň halkara ýaryşlara gatnaşmagy babatda tejribe alyşmagyna gönükdirilendir. Arkalaşygyň oýunlary GDA agza döwletleriň milli sport görnüşlerini saklamaga, olary halkara derejesinde wagyz etmäge we ösdürmäge ýardam eder. Şonuň bilen birlikde GDA ýurtlarynyň oýunlarynyň dürli iri ýaryşlara taýýarlanmak üçin oňat mümkinçilikdigini bellemelidiris. Ol Olimpiýa oýunlaryna, sportuň olimpiýa däl görnüşleri boýunça guralýan ýaryşlara, şeýle-de sportuň başa-baş göreş görnüşlerinden başlap, Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlary ýaly milli oýunlary wagyz edýän ýaryşlara hem ykjam taýýarlanmaga mümkinçilik berer.

Habar berlişi ýaly, gürrüňi edilýän bäsleşigiň dowamlylygy 10 günden köp bolmaz. Şeýle-de, ony GDA döwletleri iki ýyldan bir sapar gezekleşip kabul ederler. GDA ýurtlarynyň oýunlaryna Türkmenistanyň, Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Ukrainanyň ýygyndylarynyň gatnaşmagyna garaşylýandygyny hem ýatladýarys.

Guramaçylyk komiteti ýaryşlaryň gerimini giňeltmek maksady bilen oňa isleg bildirýän beýleki döwletleri-de çagyrmagy karar etdi. Şeýlelikde, 2020-nji ýylyň 20-27-nji awgust aralygynda guraljak ilkinji ýaryşda Kazan şäherine 2000 töweregi türgeniň we 600 töweregi resmi adamyň barmagyna garaşylýar.

Ýaryşlaryň maksatnamasyna sportuň dzýudo, sambo, kenarýaka woleýboly, kenarýaka gandboly, kiçi-futbol, boks, taý boksy, küşt, tans sporty, fehtowaniýe, karate, sport göreşi, guşakly göreş (koreş), ýeňil atletika, basketbol (3x3) ýaly ençeme görnüşleri giriziler. GDA ýurtlarynyň oýunlarynyň Düzgünnamasynda görkezilişi ýaly, onuň maksatnamasyna sportuň 21-e çenli görnüşi girizilip bilner. 

  Bäsleşigiň Kazanda geçirilmeginiň hem öz sebäpleri bar. Çünki Kazan Tatarystan Respublikasynyň paýtagty bolmak bilen Russiýa Federasiýasynyň sport babatda ösen şäherleriniň biridir. Şeýle-de, Tatarystan Respublikasy dürli ýaryşlarda gazanýan ýeňişleriniň sany babatda öňdebaryjylaryň biri bolup durýar. Iri sport ýaryşlaryny ýokary derejede guramakda tejribe toplan şäherde geçiriljek I Oýunlardan soň öz nobatynda Türkmenistan hem bu ýaryşy kabul eder. Ine, şonda sporty yzygiderli wagyz edýän döwletleriň hatarynda nobatdaky gezek eziz Diýarymyz Türkmenistanyň ady dabara bilen tutular.

GDA ýurtlarynyň oýunlarynyň dowam edýän günleri medeni çäreleri hem-de bedenterbiýe we sport meselesi boýunça ylmy-amaly maslahatlary guramak göz öňünde tutulýar. Medeni çäreleriň ýaryşy kabul edýän tarapyň islegine görä guraljakdygyny-da bellemek gerek. Gadymy Olimpiadalarda hem medeniýet we sungat boýunça bäsleşikleriň guralandygy, şol ýaryşa tahallus bilen Pýer de Kuberteniň özüniňem gatnaşandygy taryhdan mälimdir. Çünki sport we bedenterbiýe babatdaky tutumlar halklaryň arasyndaky doganlyk-dostlugy pugtalandyrmaga gönükdirlendir. 

Ata Watanymyz babatda aýdanymyzda, Türkmenistanyň medeni we ykdysady, syýasy babatda bolşy ýaly sport boýunça hem GDA ýurtlary bilen ysnyşkly gatnaşyklary ýola goýandygy hemmeleriň bilýän hakykaty. Ýadyňyzda bolsa,  2014-nji ýylda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen GDA ýurtlarynyň mekdep medeni-sport festiwaly geçirilipdi. 2018-nji ýylda bolsa Hazarýaka döwletleriniň mekdep medeni-sport festiwaly guraldy. Hazarýaka döwletleriniň 4-siniň GDA-nyň giňişliginde ýerleşýändigini nazara alsaň, sportuň 6 görnüşi boýunça guralan şol ýaryş hem Aşgabatda kabul edilen iri sport taslamasynyň ozaldan biziň ýurdumyzda üstünlikli dowam etdirilýändigini görkezýär.

GDA-nyň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň hem-de GDA gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Döwletara gaznasynyň (YHDG) müdiriýetiniň Türkmenistanyň Prezidentini «Ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin» medaly bilen sylaglamak hakyndaky çözgüdi kabul etmegi bolsa Milli Liderimiziň alyp barýan ynsanperwer daşary syýasatyna berlen ýokary bahadyr. Bu ýerde sportda gazanylýan we ýetilýän sepgitleriň mynasyp paýynyň bardygy sebäpli, GDA ýurtlarynyň oýunlaryny geçirmek baradaky taslamanyň Aşgabatda kabul edilmegini kanunalaýyklyk hasaplamak bolar. Şunuň ýaly kanunalaýyklyklar hem ata Watanymyzyň dünýäniň öňündäki at-abraýyny barha we barha belende göterýär. 

 

Hojaberdi APBAÝEW,

«Türkmenistan Sport» halkara žurnaly.