Soňky habarlar

«Türkmenistan sport» teleýaýlymy Ýaponiýanyň gran-pri ýaryşyny göni ýaýlymda görkezer

2019-njy ýylyň 12-13 oktýabrynda «Türkmenistan Sport» teleýaýlymy «Formula-1» awtoýaryşlary boýunça dünýä çempionatynyň tapgyrlarynyň birini ― Ýaponiýanyň gran-pri ýaryşyny göni ýaýlymda alyp görkezer.

Ýaponiýanyň gran-pri ýaryşy 1976-njy ýyldan häzirki döwre çenli her ýyl geçirilýän «Formula-1» awtoýaryşy boýunça dünýä çempionatynyň tapgayrlarynyň biri bolup durýar. 1987-nji ýyldan bäri bu ýaryş Sudzuka şäheriniň (Mie prefekturasy) «Sudzuka» awtoulag ýolunda geçirilýär.

2019-njy ýylda «Formula-1» boýunça çempionatyň gutarmagyna bäş tapgyr galanda britan awtosürüjisi Lýuis Hemilton öňdeligi özünde saklamagy dowam edýär. Ol özüne iň ýakyn gelen garşydaşy finlýandiýaly Waltteri Bottasdan 73 utuk öňde barýar. 3-nji orunda barýan Şarl Lekler Hemiltondan 107 utuk yza alýar. Konstruktorlaryň kubogy ugrundaky ýaryşda «Mersedes-Bens» «Ferrariden» 162 utuk öňde.   

 

Göni ýaýlymyň alnyp görkezilişiniň meýilleşdirilişi baradaky maglumaty siziň dykgatyňyza hödürleýäris.

 

Wagty

Ýaryşyň görnüşi

Geçirilýän

ýeri

Wagty

Ýaýlym

11.

12.10.2019

Formula-1

Ýaponiýanyň gran-pri ýaryşy (deslapky ýaryş)

10.55

Göni ýaýlym

22.

13.10.2019

Formula-1

Ýaponiýanyň gran-pri ýaryşy

10.55

Göni ýaýlym

 

www.turkmenportal.com