Mälim bolşy ýaly, golaýda geçen Halk Maslahatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenabat şäherinde doglan rus kosmonawty Oleg Kononenko «Altyn aý» medalyny gowşurmak bilen Türkmenistanyň gahrymany diýen hormatly ady dakdy. Millionlarça teletomaşaçylar ekran arkaly bu tolgundyryjy wakanyň şaýady boldular. Mundan laýyk on ýyl ozal Russiýanyň gahrymany bolan meşhur ildeşimizden interwýu alan žurnaliste, ýagny maňa ony ekran arkaly bolsa-da ýene-de görmek has hem gyzykly boldy. Bir zady bellemek gerek: onuň daşky durky üýtgemändir, ol edil öňküsi ýaly ykjam hem-de gujurly.
Hawa, sport onuň durmuşynyň hemişelik hemrasy. Ol onuň çagalykdan eden ýyldyzlara uçmak baradaky arzuwynyň hasyl bolmagyna ýardam etdi. Oleg Kononenko ýönekeý maşgaladan: ejesi Taisiýa Stepanowna Çurakowa howa menzilinde aragatnaşyk operatory bolup işleýär. Ol durmuşa çykansoň hem özüniň gyzlykdaky familiýasynda galypdyr; Olegiň kakasy Dmitriý Iwanowiç Kononenko awtoulaglar kärhanasynda ýük maşynyň sürüjisi bolup zähmet çekýär. Oleg maşgalada Waleriýden soň ikinji ogul, özi hem adatça «giçgeldi» diýlip atlandyrylýan çagalardan. Şonuň ýaly çagalar adatça lälik saklanylýar, olar ulalanda ynjyk, elinden iş gelmeýän adam bolup ýetişýärler. Ýöne Oleg başlangyç synpda okaýan döwürleri hem ýönekeý naharlary özbaşdak taýýarlap, ene-atasyny saçak ýazyp garşylaýardy. Ilkinji gezek «Şamçyrag» atly çagalar merkezine gidende, ol tutuş möwsümi şol ýerde geçiripdi, bir gezegem öýine gitmek üçin rugsat soramandy. Onuň yzyndan gelen ejesi hem, körpe ogly özelenip durmansoň, ony öýe alyp gaýtjagam bolmandy. Ondan kän wagt geçensoň Oleg şonda özüniň özbaşdak ýaşamaga synanyşyp görmek isländigini boýun alar. Bu synag bolsa mertligiň özboluşly synagy, çünki nätanyş oglanjyklaryň arasynda özüňi alyp baryşyň bilen deň-duşlaryň hormatyny gazanmaly, olar bolsa «ejemogullaryna» hormat goýmaýarlar.
Oleg ýaňy birinji synpdaka kosmonawt bolmagy pugta ýüregine düwdi. Şonuň üçin hem sport bilen içgin meşgullanyp başlady. Ol woleýbol boýunça şäheriň ýygyndy toparynyň düzümine hem düşüpdi. Çagalykda onuň surat çekmäge ukyby hem ýüze çykdy. Ol çeperçilik mekdebini üstünlik bilen tamamlady. Ene-atasy ogullarynyň gyzyklanmalaryny goldadylar, onuň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin harçlaryny gaýgyrmadylar. Kononekonyň dogduk öýünde kitaplaryň juda kändigi meniň ünsümi çekdi. Ol kitaplaryň aglabasy nusgawy eserlerdi. Olegiň öz otagynda onuň söýgüli ýazyjylary Jek Londonyň, Žýul Werniň, doganlar Strugaskileriň kitaplary bardy.
Oleg Kononenkonyň ylma bolan höwesine, maksada okgunlylygyna onuň ýokary synpda okaýan döwri Aşgabatda geçen ders olimpiadalaryna gatnaşanlygy, soňra talyp döwürlerinde, Harkowyň N. Ý. Žukowskiý adyndaky aerokosmos uniwersitetinde okan ýyllary ylmy işleri ýazmak bilen meşgullanandygy, ylmy nutuklar bilen çykyş edenligi boýunça hem baha bermek bolýar. Olegiň bu okuw jaýyny tamamlansoň Samaranyň ylmy edarasyna ýörite işe çagyrylmagy, ol ýerde kosmos enjamlarynyň baş inžener-konstruktory bolmagy hem ýöne ýerden däldir.
Sport bilen çynlakaý meşgullanmaga bolsa ol dogduk şäheri Türkmenabatda ýöriteleşdirilen woleýbol mekdebinde başlapdy. Ol woleýbol boýunça Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndy toparynyň düzümine düşmegi hem başardy. Soň-soňlar hem ol özüniň beden taýdan taýýarlygyny hiç-hili gowşatmandy. Bu bolsa onuň 1996-njy ýylda ilkinji gezekde (bu örän seýrek bolýan ýagdaý) juda berk geçirilýän lukmançylyk barlagyndan geçip, kosmonawtlaryň toparyna kabul edilmegine hem özüniň oňyn täsirini ýetirdi. Ol ýerde bolsa nähili ýüklenmeleriň berilýändigine, nähili synaglara döz gelmelidigine Russiýanyň neşirlerinden hem çen tutmak mümkin. Maglumat tehnologiýalaryna esaslanýan okuw işiniň özi örän çylşyrymly. Ylmy maksatnamanyň çägine lukmançylyk abzallaryndan, ylmy-barlag enjamlaryndan peýdalanmak endiklerini ele almak, biotehnologýany, kosmos tehnologiýasyny, jisimleri öwrenmek, robot tehnikasy, ugur almak, ýer üstüniň tebigy gurluşy we beýleki örän köp dersler girýär.
Kosmonawtlaryň hemmesi dürli howaly geografik zolaklara gonulanda ýaşaýyş ugrunda göreş boýunça türgenleşik, paraşýut taýýarlygyny geçýärler.
Trenažýorlarda geçilýän sapaklarda diňe bir kosmos gämisini halkara kosmos stansiýasyna (HKS) el bilen örklemegi özleşdirmek däl, heläkçiliikli ýagdaýlarda (ýangyn, gäminiň jebisliginiň bozulmagy we beýleki ýagdaýlar) edilmeli hereketler hem doly öwrenilýär.
Kosmos uçuşynyň her dürli ýagdaýlaryny hakykat ýüzünde bolşy ýaly emele getirmek ýük uçarlarynda (gysga wagtlaýyn agramsyzlyk), gidrobarlaghanalarda (gidroagramsyzlyk), abzallary synamak hem-de uçarmanlaryň we kosmonawtlaryň türgenleşmegi üçin niýetlenen ägirt uly uly sentrifugalarda, ses geçirmeýän germewli öýjagazlar bolan surdokameralarda hem-de ýylylyk kameralarynda amala aşyrylýar. Kosmonawt 5 müň metr belentlige mahsus gipoksiýa (ganyň düzüminde kislorodyň mukdarynyň peselmegine) ýarym sagadyň dowamynda, 10 müň metr belentliklere laýyk gelýän atmosfera dykyzlygynyň ýokary derejede gowşamagyna 15 minudyň dowamynda, 35 göterim çyglylykda 60 gradus gyzgynlygyň täsirine 1 sagadyň dowamynda döz gelmelidir hem-de grawitasion (bütindünýä dartyş güýjüniň) ýüklenmelerini oňat geçirmelidir.
Açyk kosmosda işlenende ýürek urşy bir minudyň dowamynda 160 urga, energiýa ýitgisi 1minudyň dowamynda 12,5 kilokaloriýa çenli ýetip bilýär. Sebäbi kosmosa çykmak üçin ýörite geýim bolan, örän tagaşyksyz, ýöne açyk kosmosda ýaşaýşy üpjün etmek üçin zerur bolan «Orlan» skafandry adam bedeninde aşa artykmaç basyş döredýär hem-de hereket etmegi juda kynlaşdyrýar. Maňa Oleg Kononenkonyň aýtmagyna görä diňe penjäňi gysyp-açmak üçin agyr türgenleşik daşyny göteren ýaly güýç sarp etmeli bolýar. Ol bolsa 2008-nji ýylda ekipažyň ýolbaşçysy Sergeý Wolkow bilen açyk kosmosa ilkinji gezek çykylanda ulag korablyndaky näsazlygy düzetmek üçin 6 sagat 19 minutlap, açyk kosmosda agyr işi ýerine ýetiripdi! Özüniň ýyldyzlara tarap dört gezek uçuşynda, türkmen topragynda doglan kosmonawt ýigit jemi 5 sapar açyk kosmosa çykypdy!
Halkara kosmos stansiýasynda bolsa ol jemi 737 gije-gündizi geçirdi. Bu hem iň ýokary, rekord görkezijidir! Onuň bu geçiren günleriniň her minudy, edil ýerdäki ýaly agyr zähmetden durýardy. Hawa, ähli üstünlikler ajy der dökülip gazanylýar. Ir sagat 6-da turmaly (kosmonawtlar topary ortaça grinwiç wagty bilen ýaşaýarlar), soňra şahsy gigiýena kadalaryny berjaý edip, dürli ýurtlarda ýerleşen uçuşy dolandyryş merkezleri bilen iňlis we rus dillerinde irki aragatnaşyk geçirilýär, ondan soň bolsa halkara kosmos stansiýasynyň işleri amala aşyrylýar. Stansiýa bolsa örän uly. Ol birnäçe bölümlerden ybarat. Olarda maksatnamalarda göz öňünde tutulan ylmy barlaglar geçirilýär. Bedenterbiýe bilen meşgullanmak hem ekipaž üçin hökmany işleriň biri. Agşam ýene-de uçuşy dolandyryş merkezleri bilen aragatnaşyga çykylýar, günüň dowamynda edilen işler barada hasabat berilýär, diňe şondan soň dynç almak üçin özbaşdak wagt hem-de uky.
Durkuňy saklamak hem-de agramsyzlygyň beden agzalaryna ýaramaz täsiriniň öňüni almak üçin kosmonawtlar, hatda halkara kosmos stansiýasynyň goýnunda hem bedenterbiýe bilen meşgullanýarlar. Stansiýanyň daryşgan şertlerinde bedenterbiýe bilen meşgullanmak üçin iki bölüm bar. Olaryň birinjisi aýlanyp duran ylgaw ýodasy. Agramsyzlyk ýagdaýynda, beden agzalarynyň daşky şertlere täzeden uýgunlaşýan şertlerinde bu ýodada ylgamak juda kyn. HKS-nyň üstünde alynan surat hem muňa güwä geçýär. Onda biziň kosmonawt ildeşimiziň gara dere batyp, ylgaw ýodasy bilen ylgaýandygy görünýär. Ylgaw ýodasynda gaty kän wagt, bir ýarym sagat ylgamaly. Welotrenažýor goýlan ikinji bölümde türgenleşik birneme ýeňilräk. Mundan başga-da güýç ýüklenmesini beriji «IRED» enjamy hem bar. Onuň dartylyş derejesini özüňe görä sazlap bolýar. Uçuş maksatnamasyna laýyklykda bedenterbiýä her gün iki sagatdan hem gowrak wagt berilýär.
Oleg Kononenkonyň aýtmagyna görä, kosmonawt iň güýçli duýgulary ýere iniş mahaly başdan geçirýär. Gäminiň daşynda iňňän ýokary temperatura, güýçli sürtülmeden ýaňa hemme zat lowlap ýanýar, aşak düşüldigiçe hatda illýuminatoryň (gäminiň aýratyn durnukly serişdelerden ýasalan penjiresi) hem reňki üýtgäp gidýär, onda birden-ä köpürjikler peýda bolýar, birdenem ýitýär. Girip-çykylýan gapakly lýuk atylyp, aşak düşýän enjamyň paraşýuty açylanda arkan ýatan ýeriňden güýçli silterlemäni duýýarsyň. Ilki giňligi 500 inedördül metre deň bolan duruzyş paraşýuty açylýar, soňra ondan iki esse uly esasy paraşýut açylýar. 10 müň metr belentlikde gözleg topary bilen aragatnaşyk ýola goýulýar.
Edil ýere ýetäýmänkäň ýumşak gonduryjy hereketlendirijileri işledilýär, şonda ýere düşüp gelýän enjam göýä bir pursat howada asyl-asyl bolup durýan ýaly bolýar, soňra bolsa bat bilen ýere gaçýar. Ýüklenmeler juda agyr bolansoň kosmonawtlar ýere düşensoňlar ilkibadalar özbaşdak ýöräp hem bilmeýärler, ýöne tejribeli hem-de ýokary hünär ussatlygy bolan lukmanlar olary tiz aýak üstüne galdyrýarlar... Ondan soňra bolsa ýene kosmos bilen baglanyşykly dartgynly iş başlaýar.
Öz okan mekdebinde, ýagny Türkmenabat şäheriniň 15-nji orta mekdebinde Oleg Kononenkonyň mundan on ýyl ozal aýdan sözleri ýandepderçämde galypdyr. Şonda mekdebiň oglanlary bilen gürrüňdeş bolanda biziň gahryman ildeşimiz ýyldyzlara barýan ýoluň bäşlik bilen okamagyň, sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň hem-de oýlanyşykly goýlan maksada ýetmek üçin kynçylyklara döz gelmegiň üstünden geçýändigini nygtapdy. Onuň ýokary hünär ussatlygy, saýlap alan ugruna wepalylygy hem-de mertligi üçin ýüregine mähriban bolan Türkmenistanyň we Russiýanyň ýokary atlarynyň dakylmagy hem-de sylaglary bilen sarpalanan manyly hem şan-şöhrata beslenen durmuşy muňa güwä geçýär.
Marstal BEKTASOW.
(Türkmen diline geçiren Gurbangeldi MÄMMETSÄHEDOW).