1990-njy ýylyň 14-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy her ýylyň 1-nji oktýabryny Ýaşulularyň halkara güni diýip yglan etdi. Soňky ýyllarda bu baýram Türkmenistanda hem döwlet derejesinde bellenilip geçilýär.
Gözbaşyny gadymdan alyp gelýän ýaşulularymyza hormat goýmak däbi hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer ýolbaşçylygynda häzirki döwürde hem döwlet derejesinde dowam etdirilýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda her bir döwletli tutumlarda ilki bilen ýaşululara sala salmak-maslahat geçirmek, döwrebap şypahanalar gurup bermek, saglyk merkezlerinden ýeňillikli peýdalanmak, pensiýalaryň ýylba-ýyldan ýokarlandyryp durulmagy, galyberse-de il içinde ýokary adamkärçiligi bilen görelde bolýan ýaşuly neslimize «Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysy» diýen mertebeli atlaryň dakylmagy aramyzda ýaşap ýören ene-atalarymyzyň başyny göge ýetirýär.
Ömrüni halal zähmete bagyş edip, il içinde özüniň sagdyn durmuş ýörelgesi bilen tanalýan, hatda ýaşynyň birçene baranlygyna garamazdan, häzir hem özüniň sporty söýýänligi bilen görelde bolýan ýaşulularymyzyň bardygy buýsandyryjydyr. Mary welaýatynyň Mary şäherinden Öwülýäguly Garagulow ömrüniň 60 ýylyny Mary etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň bedenterbiýe mugallymy bolup zähmet çekdi. Häzirki wagtda 90-nuň onlugyny jemleýän bagtyýar mugallym uzak ömrüň sakasynyň sportdadygyny her gürrüňdeş bolana tekrarlaýar.
«Maru-Şahu-Jahan» gazetinde çap edilen makalada Murgap etrabynyň ýaşaýjysy bedenterbiýe mugallym Aga Orunowyň ýaşy 70-den geçenem bolsa, Awaza, Aşgabada welosipedli gidip syýahat edip gelendigi wagyz edilýär.
Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndan Batyr Abdyllaýew ýaşy 60-a golaýlan medeniýet işgäri, emma ony obada her kim uzak aralyga welosipedli ýöremek endigi bilen tanalýar. Birnäçe gezek Köýtendagdan Awaza welosipedli gidip gelmegä mümkinçilik berýän güýç onuň sporta bolan söýgüsidigini nygtaýar.
Ýakynda sagdyn garrylyk hakynda gürrüň edenimizde, kärdeşimiziň Aşgabat şäheriniň Ýalkym obasynda ýaşaýan doganlar Soltanmyrat we Baýramguly Amangeldiýewler häzir 80-niň içinde bolsalaram ýyllaryň agramly bölegini welosipedi ulag edindiler, häzirem oba arasynda olara hemişe şol ulagynda duşýas diýeni ýadymda.
1933-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde doglan Ýoldaş Aşyrow, uzak ýaşyň syry nämede diýen soraga, her gün irki maşklary ýerine ýetirip, 2-3 kilometr ýol ýöräp işe pyýada gidýändigini, esasy güýmenjesiniň hemişe küşt, narda oýnamak bolandygyny aýdýar.
Bagtyýarlyk döwrümiziň eşretli hözirini görýän il sylagly ýaşuly häzir hem agtyk-çowluklarynyň arasynda sagdynlygyň, paýhaslylygyň janly mekdebi bolup ýaşap ýör. Ata Watanymyzy söýmegi, ynsan mertebesini belent tutmagy, pederleriňe sarpa goýmagy ündeýän, ak ýürekli, zähmetsöýer, belent ahlakly şeýle ýaşuly nesillerimiziň her biriniň durmuşy ýaşlar üçin uly mekdepdir. Goý, olaryň binýadyny bedenterbiýe we sport bilen berkiden ömür ýollary berkarar döwletimizde bagtyýar günlere uzasyn!
Şirin ŞIRLIÝEWA,
«Türkmenistan Sport» halkara žurnaly.