Soňky habarlar

Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygynyň kepili

Jemgyýetimiziň baş baýlygy bolan adam hakyndaky aladany ähli zatdan ileri tutýan Arkadag Prezidentimiziň bu ugurdaky beýik ädimleri halkymyzyň saglygyny, rahatlygyny kepillendirýär. Ine, her ýyl geçirilmesi däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk hem milli Liderimiziň şu ugurdaky taýsyz tagallalarynyň miwesidir.

Bu biraýlygyň çäginde guralýan çäreler Berkarar döwletimiziň bagtyýar raýatlarynyň her biriniň ömrüniň rahatlygyny, saglygynyň goraglylygyny üpjün eder. Hut şol sebäpden hem, biraýlygyň çägindäki çäreleriň diýseň baý mazmuna eýe bolmak bilen, jemgyýetimizde giň seslenme tapjakdygy şübhesizdir. Bu ýörite düzülen meýilnamalar esasynda geçirilýän wagyz-nesihat duşuşyklarynda aýdyň beýanyny tapýar. Şeýle maslahatlar Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň garamagyndaky edara-kärhanalarda we mekdeplerde hem yzygiderli guralýar. 

Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi bilen bilelikde guran wagyz-nesihat maslahaty hem şeýle mazmuna eýe boldy. Ýöriteleşdirilen Küşt we şaşka mekdebiniň mejlisler zalynda geçen maslahaty paýtagtymyzyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň başlygynyň orunbasary H.Orazmämmedow alyp bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň wekilleriniň çykyşlary has-da täsirliligi bilen tapawutlandy. Wagyz-nesihat maslahatynda ildeşlerimiziň her biriniň şahsy howpsuzlygyny üpjün etmekden başlap, ýol hereketiniň kadalaryny doly berjaý etmek hakynda giňişleýin söhbet edildi. Her birimiziň bagtyýar gelejegimiziň ömrümiziň rahatlygyndan başlanýandygy düşündirildi. 

Paýtagtymyzyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň mekdepleriniň hem-de desgalarynyň ýolbaşçylaryny we işgärlerini jemlän çärä gatnaşyjylar Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň wekillerine bu ugurda özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlendiler. Takyk we giňişleýin jogaplar bolsa wagyz-nesihat çäresiniň ähmiýetini artdyrdy. 

Ýol hereketiniň howpsuzlygyny gazanmak bu gün iň möhüm meseleleriň hataryndadyr. Bu işe her birimiziň işjeň gatnaşmagymyz bolsa bagtyýar ýaşaýşymyzyň, ýagty ertirimiziň kepilidir. Maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda şeýle çäreleriň ähmiýeti giňden şöhlelendirildi we durmuşymyzyň goraglylygyny, ömrümiziň rahatlygyny, ak mermere bürenen paýtagtymyzyň, gözel Diýarymyzyň şaýollarynda hereketiň howpsuzlygyny gazanmak ugrunda alyp barýan beýik işleri üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözleri beýan edildi.        

 

«Türkmen sporty» gazeti (07.09.2019)