Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Saz arkaly birleşýän ýürekler

Aýdym-saz — halklary we ýurtlary biri-birine ýakynlaşdyrýan, ýürekleriň dilini tapýan sungatdyr. Şunuň ýaly gudratly güýje eýe bolan häzirki zaman aýdym-saz sungatynyň görnükli wekilleriniň biri-de türkiýeli aýdymçy Hadise Açykgözdür.

9-njy oktýabrda «Aşgabat» köpugurly stadionunda, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň guramagynda geçirilýän daşary ýurtlaryň tanymal aýdymçylarynyň konsertinde Hadise Açykgözüň çykyş etjekdigi hakynda hoş habar türkmen diňleýjileriniň hem göwün guşuny asmana ataran ýakymly täzelik boldy. Konserte tomaşa etmek üçin petekleri gözleýän ildeşlerimiziň sany çak edilişinden artyk boldy.

Belgiýada doglan Hadise Açykgöz çagalykdan aýdym aýtmaga we sahna çykmaga uly höwes bildirýärdi. Ol 2003-nji ýylda Belgiýada geçirilen «Idool 2003» aýdym-saz bäsleşigine gatnaşyp, gysga wagtyň dowamynda aýdym-saz hünär ýoluna gadam basýar. Ýaş ussadyň aýdym-saz döredijiligi tiz wagtdan Türkiýede we halkara giňişliginde giňden tanalyp başlaýar.

Hadiseniň döredijilik ýolunda türk we iňlis dillerindäki aýdymlar, pop we R&B äheňleri, döwrebap sahna çykyşlary aýratyn orun eýeleýär. Hadiseniň döredijiliginde söýgi esasy temalaryň biridir. Aýdymçynyň repertuaryndaky eserlerde söýginiň şatlygy bilen birlikde umyt-ynam, inçe duýgular agdyklyk edýär.

Türkmenistan bilen Türkiýe halklarynyň arasynda dostluk, medeni we ruhy kökleriň ýakynlygy taryhy çuňluklara uzaýar. Iki doganlyk halkyň wekilleriniň gatnaşmagynda dürli medeni çäreleriň geçirilmegi hem bu gatnaşyklary has-da berkitmekde uly ähmiýete eýedir.

Bu duşuşyk aýdymçynyň döredijiligini türkmenistanly tomaşaçylara has ýakyndan ýetirmek üçin özboluşly medeni mümkinçilik bolar. Konsertde Hadiseniň dürli ýyllarda diňleýjileriň söýgüsini gazanan, şeýle-de täze döreden eserleriniň ýerine ýetirilmegine garaşylýar.

Hadiseniň sahna medeniýeti, güýçli wokaly we döwrebap pop äheňleri aşgabatly tomaşaçylarda ýakymly täsirleri galdyrar diýip umyt edýäris.

9-njy oktýabrda «Aşgabat» köpugurly stadionunda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň guramagynda geçiriljek bu konsert diňe bir aýdym-saz çäresi bolman, eýsem iki halkyň medeni ýakynlygyny duýmaga mümkinçilik berýän aýdym-sazly duşuşyklaryň biri bolar.

 

Gunça KIÇIÝEWA.

«Türkmen sporty» gazeti.