Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Sabina Kadyrowa — guştingiri göreşi boýunça dünýä çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi

Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde onlarça ýurda wekilçilik edýän türgenleriň gatnaşmagynda guştingiri boýunça ikinji dünýä çempionaty tamamlandy. Giň gerimli bu ýaryş guştingiri göreşi boýunça geçirilýän iri halkara ýaryşlaryň biri boldy.

Dünýä çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Sabina Kadyrowa üstünlikli çykyş etdi. Ol +78 kg agram derejesinde bürünç medal gazandy.

Guştingiri — täjik halkynyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli göreş görnüşleriniň biridir. Soňky ýyllarda bu göreş halkara derejesinde giňden ösdürilýär. Bu görnüş boýunça ilkinji dünýä çempionaty 2024-nji ýylda Duşenbe şäherinde geçirilipdi. Häzirki dünýä çempionaty bolsa bu iri halkara ýaryşynyň dowamly guralýandygyny görkezdi.

www.sportcom.gov.tm