Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

   «Arkadag» topary 3-nji aýlawa ýeňiş bilen başlady

Türkmenistanyň futbol boýunça Ýokary ligasynyň çempionatynyň 15-nji tapgyrynyň oýunlary 6-njy awgustda badalga aldy. Tapgyryň ilkinji duşuşygy bolan «Arkadag» bilen «Merwiň» arasyndaky oýun milli çempionatyň üçünji aýlawynyň resmi açylyşy boldy.

3-nji aýlawyň ilkinji duşuşygy Aşgabat şäherindäki «Nusaý» stadionynda geçirilip, «Arkadag» topary «Merwden» 7:0 hasabynda üstün çykdy. Bu duşuşykda Şamämmet Hydyrow (35), Didar Durdyýew (40), Meýlis Diniýew (62, 66), Baýram Ataýew (77), Arzuwguly Sapargulyýew (82), Yhlas Toýjanow (87) öz çykyş edýän toparyna ýeňiş getiren golalry tora saldylar.

15-nji tapgyryň esasy oýunlary 7-nji awgustda 3 duşuşyk bilen dowam eder. Esasy üns «Ahal» bilen «Altyn asyryň» gatnaşmagyndaky oýunlara gönüger. Çünki bu toparlar ikinji orun ugrunda göreşýärler. Bu tapgyrda «Altyn asyr» «Aşgabat» topary bilen, «Ahal» bolsa «Köpetdag» bilen güýç synanyşar. Şeýle-de, Türkmenbaşy şäherinde ýaryş tertibinde ýanaşyk orunlary eýeleýän «Şagadam» bilen Balkanabadyň «Nebitçisi» duşuşar.