Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Şatlykly günler

Hormatly Prizedentimiziň sagdyn durmuş ýörelgesiniň giň gerime eýe bolmagy babatdaky tagallalaryndan ugur alyp, ýaş nesliň tomusky dynç alşyny mazmunly hem-de netijeli guramak, şeýle hem ýaş nesliň arasynda sporty wagyz etmek maksady bilen, Gökdere jülgesiniň çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde «Şadyýan tomus – 2026» atly sportuň hereketli we sanly görnüşleri boýunça merkezara ýaryş guraldy.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty tarapyndan guralan bäsleşikler Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Muhammetmyrat Nyýazow adyndaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkeziniň sport meýdançalarynda geçirildi. Çagalar 8 – 10 ýaş aralygynda fijital sport tansy, 10 – 12 ýaş aralygynda fijital futbol, 3x3 basketbol we ylgaw ýaryşy, 12 – 14 ýaş toparynda bolsa stol tennisi hem-de tanap çekmek boýunça bäsleşdiler, şeýle hem ýaş aýratynlygy çäklendirilmedik şaşka oýnunda ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Şeýle gyzgalaňly sport çäreleriniň yzygiderli guralmagy çagalaryň diňe bir tomusky dynç alşyny şadyýan geçirmän, eýsem, olarda toparlaýyn işleşmegi, agzybirligi terbiýelemekde we sagdyn durmuş ýörelgesine ugrukdyrmakda uly ähmiýete eýedir. Eziz Diýarymyzda raýatlaryň, şol sanda çagalaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, dynç almagy üçin äleme nusgalyk şert-mümkinçilikleriň döredilendigine, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bagtyýar çagalarymyzyň rahat dynç alyp, okap, öwrenip, döredip, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, Watana wepaly bolup ýetişmegine gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde bolup gören her adam aýdyň göz ýetirýär.

 

«Türkmen sporty» gazeti