Ildeşlerimiz Filippinleriň paýtagtynda geçirilen «Karate 1 Ýaşlar ligasynda» üstünlikli çykyş etdiler. Bütindünýä Karate federasiýasynyň guramagynda geçirilen bu abraýly ýaryş dünýäniň 58 ýurdundan 800-e golaý türgeni bir ýere jemledi.
Aşgabat şäherindäki 52-nji orta mekdebiň okuwçysy Raýan Gurbanmyradow ýaryşyň ýeňijisi boldy. Ol ýetginjekleriň arasynda kumite görnüşinde 55 kg çenli agramda çykyş edip, altyn medal gazandy. Paýtagtymyzyň 61-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Alymuhammet Kakalyýew bolsa kadetleriň arasynda 57 kg çenli agramda kumite boýunça çykyş edip, ýygyndy toparyň baýrak gaznasyny bürünç medal bilen baýlaşdyrdy.
Türgenlerimize Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň tälimçisi, gara guşagyň V danynyň eýesi Aýdyň Çaryýew tälim berýär.
«Türkmen sporty» gazeti