Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Olimp» orta sport mekdebiniň terbiýeçileriniň guramagynda okuwçy-türgenleriň arasynda “Milli oýunlar - sagdyn nesilleriň mirasy” atly bäsleşik geçirildi.
Ata-babalarymyzdan nesillerimize miras galan milli oýunlaryň uzak taryhy ýoly bolup, olar häzirki eşretli zamanamyza çenli ýetip geldi. Milli oýunlaryň her biriniň uly ähmiýeti bardyr. Geljekde köpçülik bilen gatnaşyk etmegiň iň gowy ýörelgelerini öwredýän milli oýunlar türkmeniň nesil terbiýesinde uly bir mekdep bolup hyzmat edýär. Halkymyz dürli milli oýunlaryň oýnalyş düzgünlerini, tertibini, ýerine ýetirilişini hem çaga terbiýesine gönükdiripdir, terbiýe bilen baglanyşdyrypdyr.
Ajaýyp döwrümizde ösüş we innowasiýalar eýýamynda köpçülikleýin bedenterbiýe we sport durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Köpçülikleýin sport çäreleri ähli ýerlerde giňden ýaýbaňlandyrylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri gurlup, döwrebap sport düzümleri döredildi. Şonuň bilen birlikde halkymyzyň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň bähbidine paýtagtymyz Aşgabatda, welaýat merkezlerinde innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan saglygy goraýyş merkezleri, ýöriteleşdirilen hassahanalar, şypahanalar gurlup, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy saglygy goraýyş ulgamyny döretmekde hem uly ösüşleri gazanyldy.
Şu nukdaýnazardan «Olimp» orta sport mekdebinde geçirilen “Milli oýunlar - sagdyn nesilleriň mirasy” atly bäsleşik hem ýaş türgenler üçin örän peýdaly hem täsirli bolup oňa okuwçy-türgenler uly ruhybelentlikde işjeň gatnaşdylar.
“Olimp” orta sport mekdebiniň okuw we terbiýeçilik işleri boýunça direktoryň orunbasary, Mährijemal JUMAÝEWA