Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine täzeden saýlandy

35 ýaşly sport ussady Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine dört ýyllyk möhlet bilen täzeden saýlandy. Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda paýtagtymyzdan we ýurdumyzyň welaýatlaryndan gelen 35 wekil onuň dalaşgärligine biragyzdan ses berdiler. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

E.Döwletow 2018-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň baş sekretary, 2021-nji ýyldan 2022-nji ýylyň ortalaryna çenli bolsa TTF-niň başlygynyň orunbasary wezipelerini eýeledi. Mundan öň, türgen hökmünde 2013-nji ýylda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Dewisiň Kubogy ugrundaky zolaklaýyn ýaryşyň (Aziýa we Okeaniýa zolagynyň IV topary) ýeňijisi boldy.

Eziz Döwletow 2012-nji ýylda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny tamamlady, 2015-nji ýylda Moskwa döwlet uniwersitetinde MBA (biznes-dolandyryşyň magistri) derejesini aldy, 2021-nji ýylda bolsa Russiýanyň halkara olimpiýa uniwersitetini «Sport dolandyryşynyň ussady» maksatnamasy boýunça tamamlady.

E.Döwletow 2020-nji ýyldan bäri Halkara tennis federasiýasynyň (HTF) prezidentiniň ýanyndaky dünýäde Dewisiň Kubogyny (Davis Cup) we Billi Jin King Kubogyny (Billie Jean King Cup) geçirmek boýunça halkara işçi toparynyň agzasydyr.

Eziz Döwletow 2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda Aşgabatda geçirilen maslahatda ilkinji gezek Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine saýlandy, 2023-nji ýylyň dekabrynda bolsa Aziýanyň tennis federasiýasynyň (ATF) wise-prezidenti wezipesine bellenildi we şu yklymlaýyn guramanyň direktorlar geňeşiniň düzümine girdi.

Foruma gatnaşyjylar şeýle hem Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň düzümine täze agzalary kabul etmek ugrunda biragyzdan ses berdiler we TTF-niň täze Dolandyryş geňeşini, başlygyň orunbasarlaryny we baş sekretaryny saýladylar. Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygynyň orunbasarlygyna Ezizmyrat Annamyradow, Nikolaý Şeguns, Ata Eýeberdiýew we Mirali Gasanow, TTF-niň baş sekretarlygyna bolsa Ogultäç Gurbanberdiýewa saýlandylar.