Türkmen tennisçileri öz atlaryny taryha ýazmaklaryny dowam edýärler. Olar 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilýän Dewisiň Kubogynyň saýlama ýaryşynyň final tapgyrynda çykyş etmäge ilkinji gezek hukuk aldylar. Ýaryş 16 – 24-nji maý aralygynda Gazagystanyň Şimkent şäherinde Aziýa sebitiniň iň gowy 16 toparlarynyň gatnaşmagynda geçiriler. Bu barada Halkara tennis federasiýasy habar berip, şu ýylyň martynda Kolomboda geçirilen ýaryşyň deslapky tapgyrynda eden çykyşlarynyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň toparyny bu abraýly ýaryşyň saýlama ýaryşlarynyň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.
Halkara tennis federasiýasynyň (ITF) howandarlygynda Aziýanyň tennis federasiýasy bilen bilelikde Şri-Lankanyň paýtagtynda geçirilýän «DCJ Asia/Oceania Pre-Qualifying» ýaryşyna toparlaryň 15-siniň gatnaşandygyny ýatlap geçmek gerek.
Altynjy belgi bilen çykyş eden Türkmenistanyň milli ýygyndysyna Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Süleýman Hudaýberdiýew, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Aly Geldiýew hem-de A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Kerimgeldi Guldurdyýew wekilçilik etdiler. Ýetginjekleriň arasyndaky Dewisiň Kubogynyň saýlama ýaryşynda biziň toparymyzyň kapitanynyň wezipelerini Türkmenistanyň sport ussatlygy ýokary mekdebiniň 31 ýaşly tälimçi-mugallymy, Türkmenistanyň Kubogy – 2024 ýaryşynyň bürünç baýragynyň eýesi Gurbanberdi Gurbanberdiýew ýerine ýetirdi.
Birinji tapgyrda watandaşlarymyz Omanyň ýygyndy toparyny 3:0 hasabynda ýeňip hem-de meňzeş 2:1 hasabynda Mýanmanyň we Singapuruň toparlaryndan (2-nji belgi) ýeňiş gazanyp, «B» toparçasynda birinji orun eýelediler. Türkmen ýetginjekleri çärýek finalda bäşinji belgide çykyş eden filippinli deň-duşlaryndan – 2:0 hasabynda üstün çykdylar we taryhda ilkinji gezek ýaryşyň iň gowy toparlarynyň ilkinji dörtlügine girdiler.
Türkmenistanyň wekillerinden başga-da, Şimkentde 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky Dewisiň Kubogynyň saýlama ýaryşynyň esasy ýaryşy – Aziýa final tapgyryna ýollanmalaryň 4-si ugrunda Awstraliýanyň, Hytaýyň, Hytaý Taýbeýiniň, Hytaý Gonkongynyň, Hindistanyň, Indoneziýanyň, Ýaponiýanyň, Gazagystanyň, Koreýa Respublikasynyň, Pakistanyň, Tailandyň, Özbegistanyň, Malaýziýanyň, Wýetnamyň we Şri-Lankanyň toparlary bäsleşerler.
Ýetginjekleriň arasyndaky Dewisiň Kubogy Halkara tennis federasiýasy tarapyndan 16 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda Dünýä Kubogy hökmünde 1985-nji ýylda girizildi, 2002-nji ýylda bolsa häzirki adyna üýtgedildi. Her ýyl dürli ýurtlar sebitleýin saýlama ýaryşlaryna gatnaşyp, olaryň ýeňijileri finala çykmak bilen çempion adyna eýe bolmak ugrunda bäsleşýärler.
Ýetginjekleriň arasyndaky Dewisiň Kubogy ugrundaky ýaryşynyň Çehiýanyň Prosteýow şäherinde 3 – 8-nji awgust aralygynda geçiriljek final tapgyry çempion derejesini almak üçin ähli yklymlardan 16 sany iň gowy toparlar: Ýewropadan – 6, Aziýadan – 4, şeýle hem Demirgazyk Amerikanyň, Günorta Amerikanyň we Afrikanyň hersinde 2 toparlar güýç synanyşarlar.