Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Anamjan Rustamowa agyr atletika boýunça ýetginjekleriň arasynda dünýä çempiony boldy

Türkmenistanly agyr atletikaçy Anamjan Rustamowa 86 kilograma çenli agram derejesinde ýetginjekleriň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda altyn medala mynasyp boldy. Ýaryşlar Müsürde geçirilýär.

Rustamowa siltäp götermekde 110 kg, itekläp götermekde 147 kg netije görkezdi we jemi 257 kg gazandy. Şeýle-de, ol itekläp götermekde kiçi altyn medala eýe boldy. Ýaryşyň jemleri boýunça türkmen türgeni Hytaýyň wekili Linýue Sýu (256 kg) hem-de Ermenistanyň wekili Emma Pogosýany (253 kg) yzda galdyryp, birinji orny eýeledi.

Bu Türkmenistanyň ýygyndysynyň häzir dowam edýän dünýä çempionatyndaky ikinji medaldyr. Mundan ozal Didarbek Jumabaýew 79 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medala eýe boldy. Ol siltäp götermekde 148 kg, itekläp götermekde 187 kg netije görkezip, jemi 335 kg gazandy. Bu derejede birinji orny müsürli Abdulrahman Hamud (341 kg) eýeledi, kümüş medal bolsa ermeni türgeni Narek Mkrtçýana (336 kg) berildi.

 

www.sportcom.gov.tm