Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Türkmenistanly samboçy Dünýä kubogynyň altyn medalynyň eýesi boldy

Ermenistanyň paýtagty Ýerewan şäherinde sambo we söweş sambosy boýunça guralan Dünýä kubogy ugrundaky ýaryşyň 2-nji gününde türkmenistanly samboçy altyn medalyň eýesi boldy. 64 kilogram agram derejesinde çykyş eden Sanjarbek Awazberdiýew finalda gazagystanly Serik Şadyýardan üstün çykyp, altyn medal gazandy.

64 kilogram agram derejesinde çykyş eden pälwanlaryň hatarynda Hakberdi Jumaýew bürünç medala eýelik etdi. Şeýlelikde, bu agramda türkmen samboçylarynyň 2-si hormat münberine çykdy.

58 kilogram agramda Ahmet Taňryberdiýew, 71 kilogram agramda Kerim Kerimow Dünýä kubogynyň finalyna çykmagy başardy. Netijede, olar ýaryşy kümüş medal bilen tamamladylar.

Meňli KULYÝEWA,

«Türkmenistan Sport» halkara žurnaly.