Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Alp Arslan Begenjow — erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynyň hormat münberinde

Türkmen pälwany Alp Arslan Begenjow uly ýaşlylaryň arasynda geçirilen erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy. Bu ýaryş 6–12-nji aprel aralygynda Bişkek şäherinde (Gyrgyz Respublikasy) geçirildi. Türgenimiz 86 kilograma çenli agram derejesinde çykyş etdi.

Saýlama tapgyrda Begenjow mongoliýaly türgeni Býambadorž Bat Erdenäni 10:0 hasabynda tehniki artykmaçlyk bilen ýeňdi. Çärýek finalda türkmen pälwany Täjigistanyň wekili Bahodur Kodirowdan 10:0 hasabynda üstün çykdy.

Ýarym finalda Begenjow eýranly pälwan Kamran Gorban Gasempurdan utulyp, üçünji orun ugrundaky göreşe goşuldy.

Bürünç medal ugrunda geçirilen tutluşykda türkmen türgeni Ýaponiýanyň wekili Ýudai Takahaşi bilen duşuşyp, 10:5 hasabynda ýeňiş gazandy we yklym ýaryşynyň medalyna eýe boldy.

Bäsleşigiň altyn medalyna finalda hindi türgeni Mukul Dahiýany 7:0 hasabynda ýeňen eýranly Kamran Gorban Gasempur mynasyp boldy.

Şirin ŞIRLIÝEWA,

«Türkmenistan Sport» halkara žurnaly.