Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Mekdep okuwçysy Aziýa çempionatynyň bürünç medalyny gazandy

Türkmenistanly ýaşajyk küştçiler 5 — 11-nji aprel aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde geçirilen küşt boýunça mekdep okuwçylarynyň arasyndaky Aziýa çempionatyna gatnaşdylar.

Aziýa çempionatynda Türkmenistana 4 küştçi wekilçilik edip, A.S. Puşkin adyndaky türkmen-rus mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy Osman Hamrakuliýew bürünç medala mynasyp boldy.

Mekdep okuwçylarynyň arasyndaky Aziýa çempionatyna 19 döwletden 26 topar gatnaşdy.

Şemşat MÄMMETGELDIÝEWA,

«Türkmenistan Sport» halkara žurnaly.