Ýerewan şäherinde (Ermenistan) sambo we söweş sambosy boýunça Dünýä kubogy dowam edýär. 21 döwlete wekilçilik edýän 300-e golaý pälwany bir ýere jemlän ýaryşyň birinji gününde türkmenistanly samboçylar 2 kümüş, 1 bürünç medal gazandylar.
50 kilogram agram derejesinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 2-nji ýyl talyby Kurbanaý Kurbanowa söweş sambosy boýunça hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy.
Lebap welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Çärjew etrabynyň 4-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Zyba Orunowa 65 kilogram agram derejesinde söweş sambosynda kümüş medala eýelik etdi. Harby gullukcy Atanyýaz Amangeldiýew 88 kilogram agramda sambo boýunça bürünç medala mynasyp boldy.
Dünýä kubogy 2026-njy ýylyň 12-nji aprelinde tamamlanýar.
Meňli KULYÝEWA,
«Türkmenistan Sport» halkara žurnaly.