“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda 2026-njy ýylyň 03-05-nji apreli aralygynda sportuň basketbol görnüşi boýunça 2008-nji ýyllarda doglan we ondan kiçi ýaşly ýetginjekleriň arasynda “Olimp” orta sport mekdebiniň açyk birinjiligi guramaçylykly geçirildi. Ýaryşa birnäçe toparlar gatnaşdy. Netijede, “Olimp” orta sport mekdebiniň topary I orna mynasyp boldy. Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň topary II orna we Aşgabat topary III orna mynasyp boldular.
Şeýle-de, bu ýaryşda baýrakly orunlary eýelän türgenlere “Olimp” orta sport mekdebi tarapyndan hormat hatlary hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşyryldy.
“Olimp” orta sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy, Amanmyrat Annaýew