“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň 03-04-nji aprelinde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – halkara sport hyzmatdaşlygynyň we sagdynlygyň mekany» atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahaty we “Açyk gapylar” güni guramaçylykly geçirildi. Bu geçirilen halkara ylmy-amaly maslahatynyň çäklerinde sport üstünlikleriniň sergisi guraldy, «Olimp» ylmy-usuly merkeziniň hem-de ylmy gurnaklaryň işleri bilen tanyşlyk işleri geçirildi. Bu çärä birnäçe myhmanlar geldi. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty tarapyndan myhmanlar dabaraly garşy alyndy. Şeýle-de, “Sportuň Olimpiýa görnüşleri” fakultetinde gurnalan sergiler gelen myhmanlarda örän täsir galdyrdy. Bu dabaraly çärä “Olimp” orta sport mekdebiniň işgärleri hem işjeň gatnaşdy.
“Olimp” orta sport mekdebiniň sport işleri boýunça orunbasary, Kuwwatgylyç NURGYLYJOW