Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Türkmenistanyň stadionlaryndaky futbol baýramy

Futbol meýdançasyndaky adaty duşuşyga tomaşa edýän adamlary gördüňizmi? Olaryň adaty bir oýna baýramçylyk hökmünde garaýşyna syn etdiňizmi? «Bu nähili baýramçylyk?» diýip oýlandyňyzmy? Bu sowallaryň jogabyna futbol meýdançasyna barsaňyz derhal göz ýetirersiňiz. Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynda täze möwsüme badalga berilmegi bilen ýygy-ýygydan stadionlara barmaga sebäp tapyldy.

Golaýda ýurdumyzyň futbol janköýerleriniň sabyrsyzlyk bilen garaşan pursatyna şaýat bolduk. Has dogrusy, geçen hepdede çempionatyň ilkinji oýunlary geçirildi. Türkmenistanyň dürli künjeklerine wekilçilik edýän futbol klublarynyň 8-siniň gatnaşmagyndaky futbol çempionaty 4 aýlawdan ybarat bolar. Şonuň üçin bilermenleriň milli çempionatymyzy «Futbol marafony» diýip atlandyrmagyny geň görüp oturasy işem ýok.

Welaýatlara, Aşgabat we Arkadag şäherlerine wekilçilik edýän «Arkadag», «Ahal», «Altyn asyr», «Şagadam», «Nebitçi», «Aşgabat», «Merw» we «Köpetdag» futbol klublary medallar ugrundaky göreşe girişdiler. Olar eýýäm täze möwsümdäki ilkinji duşuşyklaryny geçirdiler. Türkmenistanyň çempiony «Arkadag» çempionlygyny goramak üçin meýdança çykdy. Geçen möwsümde degişlilikde, kümüş we bürünç medallary eýelän «Ahal» hem-de «Altyn asyr» klublary altyn medal ugrunda göreşmäge taýýardyklaryny görkezdiler.

«Aşgabat», «Köpetdag», «Şagadam», «Nebitçi», «Merw» futbol klublarynyň geçen ýyllarda görkezen netijelerine ser salanyňda, olaryň her biriniň milli çempionatymyzyň oýunlarynyň has gyzykly geçmegine goşant goşup biljekdigini aýtmak bolar. Bu aýdylanlara çempionatyň ilkinji oýunlaryna tomaşa eden janköýerler has gowy düşünerler.

Mähriban futbol muşdaklary, size futbol meýdançalarynda garaşýarys!