Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Okuwçylar woleýbol meýdançasynda

Ýurdumyzda sport ulgamy ýokary derejede ösdürilip, şonuň netijesinde Türkmenistan dünýäde sport ýurduna öwrülýär. Bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli işleriň aýdyň beýany hökmünde «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň guramagynda Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynyň Änew şäherindäki sport mekdebinde Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XV Spartakiadanyň çäklerinde woleýbol boýunça oglan-gyzlaryň arasynda toparlaýyn ýaryşlar geçirildi.

Bäsleşiklerde oglanlaryň arasynda Aşgabat şäheriniň topary birinji orny eýeläp, ýeňiji boldy. Ikinji orna Lebap welaýatynyň topary mynasyp boldy. Üçünji orun bolsa Ahal welaýatynyň toparyna nesip etdi.

Gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşlarda Lebap welaýatynyň topary birinji orny eýeledi. Ikinji orny Daşoguz welaýatynyň topary aldy. Üçünji orny bolsa Aşgabat şäheriniň topary gazandy.

Ýaryşyň jemleri boýunça ýeňiji bolan toparlara «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy tarapyndan Hormat hatlar we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

«Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy